Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýew Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň adyny üýtgedýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň Milli howpsuzlyk gullugynyň adyny üýtgedip, uzak wagtlap halkda gorky döreden öňki KGB edarasynyň mirasdüşeri bolan ýurduň baş howpsuzlyk edarasynda özgerişlik geçirmek boýunça ýene bir ädim ätdi.

Mirziýoýewiň 14-nji martda gol çeken kararyna görä, Milli howpsuzlyk gullugynyň ady Döwlet howpsuzlyk gullugyna üýtgedildi.

Özbegistanyň media maglumatlaryna görä, kararda howpsuzlyk gullugynyň esasy wezipesiniň “özbek raýatlarynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan, milli howpsuzlygyny üpjün etmekden we Özbegistanyň milli bähbitlerini ýurduň içinde we daşynda goramakdan” ybaratdygy aýdylýar.

Uzak wagtyň dowamynda Özbegistanyň premýer-ministri bolan Mirziýoýew öňki prezident Yslam Karimowyň aradan çykmagynyň yzýanynda ýurduň hökümet gurluşyny özgerdip başlady, hususan-da howpsuzlyk gullugynda we içeri işler ministrliginde üýtgetmeleri amala aşyrdy.

Mirziýoýew milli howpsuzlyk gullugyny ençeme gezek tankyt edip, ýanwar aýynyň aýagynda edara 23 ýyldan gowrak wagtlap ýolbaşçylyk eden general Rustam Inoýatowy wezipesinden çetleşdirdi, ençeme ýokary derejeli ýolbaşçyny wezipesinden çetleşdirdi we tussag etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG