Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaçgak türkmen zähmet migrantlary deportasiýa ediler


Stambul

Türkiýä eklenç üçin adaty ýollardan gelýän türkmen zähmet migrantlaryndan başga-da ýurduň serhedini bikanun ýollardan geçip gelýänleriň hem bardygy we olaryň yzygiderli ýagdaýda ele salnyp, deportasiýa edilýändigi barasynda türk mediasynda dowamly habarlar peýda bolýar.

Türkiýäniň "Hürriýet" gazetiniň ýazmagyna görä, mart aýynyň başynda Kyrklareli welaýatynyň Pehliwanköý etrabyndaky käbir maldarçylyk hojalygynda işleýän we ýurda bikanun ýollardan girendigi anyklanan bäş sany türkmen zähmet migrantyna jerime kesilip, deportasiýa edilýän merkeze iberilýär.

"Trakýanews" neşiri bolsa, Hydyrja obasyndaky Türkmenistanyň raýaty bolan A.S. atly türkmen zähmet migrantlarynyň bikanun ýagdaýda işleýändigini anyklap, olary göz astyna alandygyny habar berýär.

Neşir, gaçgak türkmen zähmet migrantlaryny öz maldarçylyk hojalyklarynda bikanun ýagdaýda işledeni sebäpli olaryň hojaýynlaryna hem jerime salynmagy üçin resmi taýýarlygyň görülýändigini ýazýar.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beren polis çeşmesiniň aýtmagyna görä, geçirilen derňew işinde saklanan zähmet migrantlarynyň Türkiýä bikanun ýollardan gelendigi anyklanýar. Ol, türkmenistanly raýatdan daşaryn göz astyna alynan gaçgak zähmet migrantlarynyň arasynda owganystanly türkmenleriň hem bardygyna üns çekýär. Ýöne olar barasynda jikme-jik maglumat bermekden saklanýandygyny aýdýar. Polis çeşmesi, olaryň her birine adam başyna 1000 amerikan dollary möçberinde jerime salnyp, deportasiýa edilmegi üçin Pehliwanköýdäki deportasiýa merkezine tabşyrylandygyny bildirýär.

Ýatlap geçsek bu serhedi bikanun ýollardan aşyp Türkiýä eklenç etmäge baransoň saklanan türkmenistanly zähmet migrantlary barasyndaky ilkinji habar däl. Mundan owal bikanun ýoldan Eýran-Türkiýe serhedi geçip, gaçgak ýagdaýda Bingöl şäherinden awtobus bilen Stambula gitmäge synanyşan 6 türkmenistanly, jemi 62 daşary ýurtly gaçgagyň geçen ýylyň 27-nji iýulynda saklanandygy beýan edilipdi.

Şeýle-de, iýul aýynyň ahyrynda, žandarm gullugynyň işgärleri tarapyndan Batman-Bitlis awtoýolunda amala aşyrylan ýol barlagy mahalynda, ýurduň Siriýa we Yrak bilen serhedinden bikanun ýoldan geçip gelen türkmenistanly, owganystanly, özbegistanly we siriýaly 3 sanysy çaga, 4 sanysy zenan, jemi 17 gaçgagyň ele salnandygy habar berilipdi.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatynda Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary barasynda kelam agyz söz aýdylmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG