Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana Lawrowyň ABŞ-lylaryň wizasyz düzgünine seretmek teklibini ret etdi


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Gazak Daşary işler ministrligi Russiýanyň ABŞ raýatlarynyň Gazagystana wizasyz syýahat etmegine mümkinçilik berýän düzgünine gaýtadan seretmek teklibini ret etdi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 15-nji martda çykyş edip, ABŞ-lylaryň Gazagystana wizasyz syýahat etmegine mümkinçilik berýän ylalaşygyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen “koordenirlenmelidigini” aýtdy.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň düzümine Russiýa, Gazagystan bilen birlikde ýene Ermenistan, Belarus we Gyrgyzystan girýär.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Bileleşigiň “syýasy maksatlary däl-de, eýse diňe ykdysady meseleleri göz öňünde tutup döredilendigine” ünsi çekdi.

“Daşary ýurt raýatlaryna wizaly režimi girizmek ýa-da ony ýatyrmak her bir özygtyýarly döwletiň hakydyr... Haçanda, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini esaslandyrmak ylalaşygy düzülende, onda her bir ýurduň milli özygtyýarlylyk meseleleri toparyň garamagyna degişli däldigi ylalaşylypdy” diýip, gazak daşary işler ministrliginiň sözçüsi belledi.

XS
SM
MD
LG