Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada rus wekilhanalarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi


Ukrain milletçileri Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň öňünde ýöriş geçirýärler. 18-nji mart, 2018 ý.
Ukrain milletçileri Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň öňünde ýöriş geçirýärler. 18-nji mart, 2018 ý.

Ukrainada Russiýanyň hökümet binalaryna diňe diplomatlaryň gelip, prezidentlik saýlawlarynda ses berip bilýändigi yglan edilenden soň, binalaryň daş-töweregindäki howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Ukrain polisiýasy Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasyna, şeýle-de Odesadaky, Lwowdaky we Harkowdaky konsulhanalaryna gözegçilik edýär.

Ukrainanyň milletçi toparlarynyň agzalarynyň Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň öňünde ýygnanandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Russiýa Ukrainany halkara normalaryny bozmakda aýyplady.

“Bu Russiýa Federasiýasynyň içerki işlerine açyk bir görnüşde goşulmakdyr. Bu onsuz hem dartgynly iki-taraplaýyn gatnaşyklary has-da ýitileşdirip biler” diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

16-njy martda ukrain hökümeti diňe ýurtdaky rus diplomatlarynyň prezidentlik saýlawlarynda ses berip biljekdigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG