Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňişi bilen gutlady.
Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy 18-nji martda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda sesleriň 99.8%-niň sanalmagynyň netijesinde Putiniň 76.7% ses toplandygyny yglan etdi. Orsýetiň oppozision kandidatlarynyň biri Kseniýa Sobçak orsýet saýlawlaryny Türkmenistanyň saýlawlary bilen deňeşdirdi. "Bize örän agyr alty ýyl garaşýar. Özüni ses berijileriň ýokary derejesi we tas "türkmen netijeleri" bilen üpjün eden häkimýet azatlykdan mahrum etmek boýunça has köp ygtyýara eýe boldy" diýip Sobçak belledi.
Türkmenistanyň prezidenti wezipesine 90% çemesi ses bilen üç gezek saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedow Putiniň goly astynda Orsýetiň has uly üstünliklere eýe boljagyna we halkara sahnasynda öz abraýyny has berkitjegine ynam baglady.
Berdimuhamedowyň öz adyndan we hökümetiň adyndan Putine ýollan gutlagynda, “orsýet halkynyň eden saýlawy, Wladimir Putiniň alyp barýan we ýurduň syýasy, sosial durnuklylygyna we ykdysady ösüşe gönükdirilen ugruna bolan uly ynamynyň we goldawynyň alamaty bolup durýar” diýlip bellenýär.
“Biz Türkmenistanda türkmen-orsýet gatnaşyklarynyň ösüşine siziň şahsy goşandyňyza uly gadyr goýýarys we dostlukly halklarymyzyň bähbidi üçin iki taraplaýyn ähli gatnaşyklary ösdürmek boýunça mazmunly dialogyň hem bilelikdäki konstruktiw gatnaşyklaryň dowam etdiriljegine ynam baglaýarys” diýlip, türkmen prezidentiniň Orsýetiň prezidentine ýollan hatynda aýdylýar.
Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistanda geçirilen saýlawlarynda ses berijileriň rekordly gatnaşyk derejesiniň hasaba alnandygy habar berildi.
18-nji martda Aşgabat wagty bilen öýlän 12-de 1.2 müň adamyň ses berendigini Orsýetiň RIA-Nowosti agentligi habar berdi. Saýlaw uçastoklar Türkmenistanyň paýtagtynda we dört welaýat merkezinde işledi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!