Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary işler ministrleri öňki orsýet agentiniň Britaniýada zäherlenmegini ýazgardylar


Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Johnson
Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Johnson

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri öňki orsýetli goşa agentiň Britaniýada zäherlenmegini berk ýazgaryp çykyş etdiler we munuň arkasynda Orsýetiň durandygy barada Londonyň çaklamalaryny “örän çynlakaý kabul edendigini” bellediler.

Britaniýa we onuň ýaranlary 4-nji martda 66 ýaşly Sergeý Skipalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykmagynda Orsýeti aýypladylar.

“Ýewropa Bileleşigi Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Orsýet Federasiýasynyň jogapkärçiligi baradaky çaklamalaryny örän çynlakaý kabul edýär” diýip, ÝB-niň 28 daşary işler ministriniň 19-njy martda ýaýradylan beýanatynda aýdylýar. Maglumatda Ýewropa Bileleşiginiň Britaniýanyň hökümetine raýdaşlygy bildirilýär.

Orsýetiň öňki harby aňtaw ofiseri Sergeý Skripal Orsýetiň ençeme gizlin agentini Britaniýa tabşyrypdy.

XS
SM
MD
LG