Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýük ulag sürüjileri üznüksiz parahorlukdan zeýrenýärler


Ýük ulagy.
Ýük ulagy.

Türkiýä ýüke gatnaýan türkmen sürüjileri organ we howpsuzlyk işgärleriniň özlerinden zor bilen yzygiderli ýagdaýda para talap edilýändiklerini aýdyp, bu sebäpden indi bergilerini üzüp, güzeran aýlap bilmejek ýagdaýa ýetendigini öne sürýärler.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap Azatlyk Radiosyna ýüz tutan, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary bolan ýük ulag sürüjileriniň aýtmagyna görä, ýerli polisiýa we howpsuzlyk işgärleri özlerden: "Türkiýä ýüke gatnap ýörsüň. Gowuja gazanýansyň onda. Hany bermelijäňi ber-de, soň arkaýyn işläber" diýip, yzygiderli ýagdaýda para-peşgeş hem paç alýandygyny sebäpli indi tanyş-bilişlerinden we dogan-garyndaşdan alan bergilerini üzüp bilmeýärler.

"Bizden yzygiderli ýagdaýda paç alynmagy sebäpli ýük ulaglarymyzyň tehniki hyzmat tölegleri üçin dogan-garyndaşdan hem tanyş-bilişlerden 5-10 müň dollar möçberinde, karz puly almaga mejbur bolýarys. Tölemeli bolýan pajymyz sebäpli, indi oňly girdejem gelenok. Häzir ýurtdaky ykdysady krizis sebäpli daşary ýurtlara ýüke owalkylar ýaly gatnap hem bilmeýäris. Şonuň üçinem ilden alan bergilerimizi üzüp bilmejek ýagdaýa düşdük we karzlarymyz sebäpli gaty kösenýäris. Üzüp bilmeýän bergilerimizden daşaryn, güzeran aýlamagam indi gaty kynlaşdy we aýalym bilen çagalarymy Türkiýä zähmet migrantlygyna ibermeli boldum. Organ we howpsuzlyk işgärleriniň yzygiderli ýagdaýda pul talap edip durmagy sebäpli iş hem maşgala durmuşym dargady" diýip, Gutçuly obasyndan bolan ýük ulag sürüjisi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýüz tutýan we hat ýazýan türk ýük ulag sürüjileri hem öz türkmen kärdeşleri ýaly, Türkmenistandaky parahorlugyň özlerine diýseň ýaramaz täsir ýetirýändigini, bu sebäpden ol ýurda ýüke gidenleriň kämahal girdejisiz diýen ýaly ýa-da boş ýüksüz yzyna dolanyp gelmeli bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyna interwýu beren türk ýük ulag sürüjisi Muhsin bolsa, türkmen kärdeşlerine duýgudaşlyk bildirmek bilen, olar bilen birnäçe günlükde ýolda gabatlaşyp eden söhbetinde, Türkmenistandaky soňky ýagdaýlar barasynda gürrüň edendigini aýdýar.

"Ozal Stambuldan Türkmenistana 9000-9500 dollara ýüke gidip gelýärdik. Häzir ýük gatnawynyň tölegi 3000-3500 dollara çenli pese gaçdy. Bu bahalaryň diňe türklere däl, eýsem türkmen ýük ulag sürüjilerine hem degişli. Üç gün owal Azerbaýjandan dolanyp geldim we ýolda türkmen kärdeşimi gördüm. Olar bu işiň owalkysy ýaly girdejili däldigini aýdýarlar. Türkmenistanda ýol polisi üçin türk ýa-da türkmen tapawudy ýok, para-peşgeş alman goýbermeýär. Şonuň üçinem Azatlyk Radiosyna ýüz tutan türkmen kärdeşlerime duýgydaşlyk bildirmek isleýärin. Gynansagam Türkmenistanda ýük ulag sürüjilerine arkaýyn işlär ýaly oňaýly şert ýok" diýip, sürüji Muhsin aýdýar.

Sözi jemläp aýtsak, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Lebap daýhan birleşiginden daşary ýurda gatnaýan ýük ulag sürüjilerinden yzygiderli ýagdaýda paç we para-peşgeş alynýandygy barasynda, Türkmenistandaky degişli resmilerden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG