Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň halkyny Nowruz bilen gutlady, hökümetini ýazgardy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp, Mançester, 19-njy mart, 2018
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp, Mançester, 19-njy mart, 2018

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Nowruz baýramyny geçirýän eýranlylara iberen ýyllyk gutlagynda Eýranyň hökümetini we täsirli Rewolýusiýa sakçylaryny tankyt astyna aldy.

“Men dünýäniň dürli ýerlerinde bahar baýramyny toýlaýan millionlarça adama owadan we mübärek Nowruz arzuw edýärin” diýip, Tramp 19-njy martda iberen gutlag beýanatynda aýdýar.

Tramp gutlagynda Eýran halkynyň “halka hyzmat etmegiň deregine özlerine hyzmat edýän hökümdarlaryň” ýüküni çekýändigine ynanýandygyny belleýär.

Tramp aýratyn-da rewolýusiýa sakçylaryny “daşary ýurtlarda terrorizmi maliýeleşdirmek üçin Eýran halkyna zulum-sütem edýän olaryň baýlygyny talaýan duşman goşun” diýip atlandyrýar.

Amerikan prezidenti Rewolýusiýa sakçylary Siriýanyň hökümetini we Siriýanyň, Yragyň hem Ýemeniň şaýy ýarym harby toparlaryny goldamak üçin 16 milliard dollardan agdyk çykdajy etdi diýýär.

Tramp şeýle hem olary Eýran halkyny tozdurmakda, daşky gurşawy dargatmakda we raýat hukuklaryny basyp ýatyrmakda aýyplaýar.

Trampyň öten ýylda Nowruz mynasybetli iberen gutlag beýanatynda syýasat agzalmaýardy.

Nowruz Eýranyň iň uly milli baýramçylygydyr. Ol maşgala agzalarynyň ýygnanmagy bilen dynç alyş we birek-birege sowgat bermek bilen toýlanýar. Nowruz Eýran bilen serhetdeş musulman ýurtlarda we dünýäniň beýleki ýerlerinde hem şatlyk bilen geçirilýär.

Amerikanyň Döwlet departamenti tarapyndan 19-nji martda Nowruz mynasybetli çykarylan beýannamada bolsa üstümizdäki ýylyň başlarynda hökümete garşy protest geçiren eýranlylar taryplanýar. Bu protestleri häkimiýetler basyp ýatyrdylar.

Döwlet sekretarynyň orunbasary Jon Sulliwan: “Men öten ýyl azatlyk, mertebe we adam hukuklaryna hormat ugrunda protest geçiren eýran halkyndan ylham aldym” diýdi.

“Birleşen Ştatlar düýpli söz azatlygy, dini we parahatçylykly ýygnanyşyklar üçin edilen tagallalary goldaýar” diýip Sulliwan aýtdy.

Sulliwan soňra hem: “Nowruz öz umytlarymyz we geljegimiz hakda oýlanmak üçin bir pursatdyr. Goý, öňümizdäki ýyl hemmelere parahatçylyk, erkinlik we bolelinlik getirsin” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Sulliwan Nowruz gutlagyny diňe eýranlylara däl, “Birleşen Ştatlardaky, şeýle hem Owganystandaky, Azerbaýjandaky, Hytaýdaky, Gürjüstandaky, Hindistandaky, Eýrandaky, Yrakdaky, Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Pakistandaky, Orsýetdäki, Siriýadaky, Täjigistandaky, Türkiýedäki, Türkmenistandaky, Özbegistandaky jemagatlara, ýedi supranyň başynda naharlanyp, şatlyk, tans, aýdym-saz bilen wagtlaryny maşgala agzalary we dostlary bilen hoş geçirýänlere iberýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG