13 sany gyrgyz zenany Orsýetde tikinçilik kärhanasynda “gulçulykdan boşadyldy” diýip, Gyrgyzystanyň polisiýa resmisi aýtdy.
Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Bakyt Seitowyň 19-njy martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, gyrgyz zenanlarynyň iş berijisi olaryň pasportlaryny ellerinden alyp, hereket azatlygyny çäklendiripdir.
Zenanlar Moskwadan 185 kilometr uzaklykda ýerleşýän Rýazan şäheriniň tikinçilik kärhanasynda özleriniň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada mobil telefony arkaly öz garyndaşlaryna habar ýetirmegi başarypdyr.
Seitowyň sözlerine görä, zenanlary agtaryp tapmak ugrunda gyrgyz we orsýet kanun goraýjylary bile işleşipdir. Şeýle-de, kärhanada Wýetnamyň raýatlarynyň hem işleýändigi aýdylýar.
Gyrgyz resmisiniň sözlerine görä, aýallaryň Rýazana barmagyny 39 ýaşly gyrgyzystanly guramalaşdyrypdyr.
“Emma kärhananyň eýesi Orsýetiň raýaty, ol gyrgyz zenanlarynyň pasportlaryny ellerinden alyp, olary şol ýeri terk etmez ýaly edip, gul ýaly ulanypdyr” diýip, Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Bakyt Seitow aýtdy.
Onuň bellemegine görä, zenanlar gijelerine işlemäge mejbur edilipdir we eger günortan arakesmesinden gijä galan halatynda 5000 rubl möçberinde jerimä sezewar bolupdyr.
Gyrgyzystanyň Moskwadaky ilçihanasynyň metbugat-wekili Gulbarçyn Baýimbetowa zenanlaryň ähli zerur kömegi bilen üpjün edilendigini 20-nji martda AÝ/AR-na aýtdy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!