Halabjanyň halky 30 ýyl bäri ýaşaýyş we adalat ugrunda göreşýär
Kürtleriň şäheri Halabjada amala aşyrylan pajygaly gaz hüjüminden 30 ýyl soň, weýrançylykdan aman galan müňlerçe ýerli ýaşaýjy ýaşaýyş ugrunda we adalat ugrunda henizem göreşip gelýärler. Saglyk pudagynyň resmileri şähere 1988-nji ýylyň 16-njy martynda taşalanan zäherli gazyň adamlaryň dem alyş ulgamlarynda hroniki kesellere, rak keseleniň köpelmegine we çagalaryň maýyp dogulmagyna getirendigini aýdýar. Siriýada zäherli gazlaryň henizem ulanylýan wagty, Halabjadaky göreş himiki ýaraglaryň ulanylmaly däldigi barada adamzada sapak bolmaly!
Epizodlar
-
Noýabr 19, 2026"Galkynyş" giňeldilýär: Türkmenistan goşmaça gazy kime satar?
-
Noýabr 13, 2026“Meni geýdigim üçin gynadylar”
-
Sentýabr 15, 2026«Geçen ýylky köýnegiňmi?» Mekdepdäki kemsitmeler
-
Sentýabr 15, 2026Türkiýedäki türkmenistanlylar nädip araçylara ýüz tutýar we aldanýar?
-
Iýul 29, 2026Türkiýede ýiten iki aktiwist nirede?