Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti TW boýunça ýokary wezipeli resmini işden boşatdy, ‘media ösüşleri wagyz etmeli’


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

19-njy martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Eziz Rejebowy “işden goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipeden boşatdy.

Türkmen metbugatynda wezipeden çetleşdirilen resminiň “işde goýberen kemçilikleri” barada jikme-jik maglumat agzalmaýar.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal prezident Berdimuhamedow türkmen telewideniýesiniň alyp barýan işlerine telim gezek nägilelik bildirip, türkmen mediasyna “degişli tabşyryklary” berip gelýär.

Meselem, TDH-niň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň aýagynda, has takygy 2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde prezident türkmen teleýaýlymlary we olarda efire berilýän gepleşikleriň mazmunyna salgylanyp, “teleýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramak, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini doly beýan etmek we milli däplerimizi degişli derejede giňden wagyz etmek” barada aýdypdyr.

Türkmen prezidentiniň 2016-njy ýylyň oktýabr aýynyň ortasynda geçiren hökümet maslahatynda-da “köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleriniň döwrüň talaplaryna hemişe laýyk gelmeýändigini belläp, degişli ýolbaşçylara nägilelik bildirendigi, “milli telewideniýede ýaýlyma çykýan gepleşikleriň taýýarlanyşyna, görnüşine we mazmunyna örän jogapkärli çemeleşilmegiň zerurdygyny, onda ahlak, gözellik we terbiýeçilik taraplaryň aýratyn nazara alynmalydygyny” aýdandygy türkmen metbugatynyň habarlarynda agzalýar.

2017-nji ýylyň awgustynda türkmen hökümeti ýurtda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek üçin türkmen mediasyndan täze usullary tapmagy talap etdi.

2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda prezident Berdimuhamedow medeniýet boýunça wise-premýer Annageldi Garajaýewa “ýolbaşçyslyk edýän pudagynda gözegçiligi gowşadandygy üçin” berk käýinç berdi.

2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisi “Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda” Türkmenistanyň kanunyny kabul etdi. Mejlisiň agzalýan kanuny kabul eden maslahatynda çykyş eden deputatlar “telewideniýe hem-de radioýaýlymlarynyň işgärleri özleriniň taýýarlaýan gepleşiklerinde döwletiň durmuşynyň täze we öňdebaryjy işlerini giňden wagyz etmeli hem-de adamlary tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaly” diýdiler.

Şeýle-de şu ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda ýylyň jemleri boýunça geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda köpsanly dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hereket edýär. Olar eýeçiliginiň görnüşi, alyp barýan iş ugry, maglumatlary bermegiň usuly boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Elbetde, olaryň ählisi üçin hem ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar. Emma, gynansak-da, häzire çenli ýurdumyzda bu giň gerimli wezipeleri ýokary derejede merkezleşdirip çözýän, degişli binýady bolan ýokary okuw mekdebi ýok. Şoňa görä-de, belki, žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar institutyny döretsek, maksadalaýyk bolar” diýip, bu ugurda ýurtda täze institut döretmek hakynda çykyş etdi.

Bu mesele bilen medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça täze bellenen wise-premýer Bahargül Abdyýewa meşgullanmaly edilipdi.

Ýöne ýokary wezipeli resmileriň ýurt baştutanyndan alýan käýinçleriniň, berk käýinçleriniň, ýa-da olaryň wezipelerinden boşadylmagynyň ýurduň media ulgamyna ýetirýän oňyn ýa-da oňaýsyz täsiri barada türkmen metbugatynda maglumat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri media we habar beriş serişdeleriniň işgärlerinden we žurnalistlerinden “ýurtda gazanyldy” diýilýän üstünlikleri, “täze ýetilen sepgitleri” wagyz etmegi talap edýär.

“Freedom House”, Serhetsiz reportýorlar” ýaly halkara guramalar Türkmenistanda azat metbugatyň ýokdugyny, häkimiýetleriň söz azatlygyny ýiti çäklendirýändigini ýylyň-ýyly ýaýradýan beýanatlarynda aýdýarlar.

Ýerli synçylaryň ýurduň metbugatynda dowam edýändigini aýdýan çäklendirmeleriniň, senzuranyň düýp özeniniň syýasy erkden, ýa-da medeni-sosial şertlerden gözbaş alyp gaýdýandygy ýa-da däldigi barada ýurtda sosiologlaryň geçiren ylmy barlaglary ýok, ýa-da olar jemgyýetçilige elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG