Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglaryň günäsi geçildi, emma olaryň sany mälim edilmedi


Ozalky tussaglar hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere-de sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda, halkara Nowruz güni mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi. Emma azatlyga çykýan raýatlaryň arasynda halkara hukuk guramalary tarapyndan syýasy bendiler ýa wyždan ýesirleri diýlip hasaplanylýan adamlaryň hem bardygy ýa ýokdugy belli däl.

Türkmen lideriniň 20-nji martda gol goýan resminamasyna laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar “mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy”.

Döwlet metbugaty bu permana “rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewiligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen gol çekilendigini” nygtap geçdi.

Ýöne günäsi geçilen tussaglaryň sanawy, şeýle-de olaryň ýurduň Jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda tussaglyga höküm edilendigi we jeza möhletleriniň näçe bölegini türmede geçirendigi, şeýle-de olaryň haýsy ýaşlardaky raýatlardygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Mundanam başga, bu günä geçişligiň halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussaglar, wyždan bendileri diýlip hasaplanýan raýatlary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň 2015-nji ýyldan bäri türkmen türmesinde saklanylýan habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewi öz içine alyp-almaýandygy nämälim bolmagyna galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Awazada ýitrim bolup, üç hepde soňra, 28-nji iýulda Akdaşdaky türmeden tapylýar. Şol ýylyň 31-nji awgustynda ol neşeli derman saklamakda aýyplanyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara hukuk goraýjy toparlaryň ençemesi Nepesgulyýewe ýöňkelen aýyplamalary galplaşdyrylan, toslama jenaýat işi diýip häsiýetlendirip, onuň azatlyga goýberilmegine ençeme gezek çagyryş etdiler.

Galyberse-de, adam hukuklaryny goraýjy toparlar türkmen türmelerinde dereksiz ýiten onlarça adamyň ykbalyna halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekip gelýär. Türkmen häkimiýetleri bolsa, ne ýurtdaky tussaglaryň jemi sanawy, ne-de türmede dereksiz ýiten bendiler baradaky statistiki maglumatlary ilat köpçüligine aýan etmän gelýärler.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu şu ýylyň hasabatyna yglan edilen ilkinji günä geçişlik bolup, mundan öň 2017-njy ýylyň dekabr aýynda Bitaraplyk baýramy, oktýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramy, iýun aýynda Gadyr gijesi, fewralda Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp, jemi müňlerçe adam türmeden azat edilipdi.

Adatça, türkmen prezidenti mundan öňki günä geçişliklerde “eden jenaýatyna ak ýürekden toba eden adamlaryň işe ýerleşdirilmegini” degişli döwlet resmilerine tabşyrýar. Emma muňa garamazdan, türkmen türmelerinde oturyp çykanlar özleriniň soňy bilen işe ýerleşmek meselesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG