Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkozi Kaddafiden millionlarça ýewrony kabul edendigi baradaky aýyplamalary ret edýär


Öňki fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi (Nicolas Sarkozy)

Öňki fransuz prezidenti Nikolas Sarkoziniň (Nicolas Sarkozy) öz prezidentlik kampaniýasyny bikanun maliýeleşdirmekde Liwiýanyň soňky lideri Muammar Kaddafiden millionlarça ýewrony kabul edendigi baradaky aýyplamalary ret edendigi habar berilýär.

“Men hiç hili fiziki delil bolmazdan aýyplanýaryn” diýip, Sarkoziniň derňew kazylaryna beren beýanatynda aýdandygyny “Le Figaro” neşiri özüniň 22-nji martda çap eden maglumatynda mälim edýär.

Beýanata görä, Sarkozi özüniň 2011-nji ýyldan bäri “töhmet jähenneminde ýaşaýandygyny” aýdyp, aýyplamalary ýalan diýip ýazgardy.

Sarkoziniň daş-töweregindäki adamlar bu maglumatyň dogrudygy ýa däldigi dogrusynda häzirlikçe kommentariý bilen çykyş etmedi.

Fransiýanyň korrupsiýa garşy polisiýasy tarapyndan iki gün soraga çekilenden soň, 21-nji martda 63 ýaşyndaky Sarkozä 2007-nji ýyldaky şowly kampaniýasyny bikanun maliýeleşdirmek, passiw korrupsiýa we Liwiýadan pul almak boýunça deslapky aýyplamalar bildirildi.

Fransuz derňewçileri Sarkoziniň 2007-nji ýyldaky prezident saýlawlary kampaniýasy üçin Kaddafiniň hökümetiniň 50 million ýewrony, ýagny 62 million amerikan dollaryny gizlin berendigi baradaky aýyplamalary derňeýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG