Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa: Himiki desgadaky partlamada ölenleriň bäşisi rumyn


Praganyň 30 kilometr demirgazygyndaky Kralupy nad Wltawou şäherçesinde partlamanyň bolan ýeri
Praganyň 30 kilometr demirgazygyndaky Kralupy nad Wltawou şäherçesinde partlamanyň bolan ýeri

Çehiýa respublikasyndaky himiki desgada bolan partlamada ölen alty adamdan bäşisi rumyn diýip, 23-nji martda ýurduň Daşary işler ministrligi aýtdy.

“Pajygaly betbagtçylykda ölen rumynlaryň sany bäşe ýetdi” diýip, ministrlik belledi.

22-nji martda Praganyň 30 kilometr demirgazygyndaky Kralupy nad Wltawou şäherçesinde bolan waka, 1993-nji ýylda Çehoslowakiýa döwleti bölüneni bäri Çehiýa respublikasynda bolan iň ýowuz senagat heläkçiligidir.

Wakada ölen alty adamyň şahsyýeti häzirlikçe köpçülige mälim edilmedi.

Başga-da iki adam keselhana ýerleşdirildi. Olaryň biriniň “ýüzünde agyr ýaralar” bolup, beýlekisinde ýanyklar bar diýlip, Çehiýa respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy aýtdy.

Gürrüňi edilýän desga “Unipetrol” atly çeh himiýa toparynyň eýeçiligindäki nebiti gaýtadan işläp çykarýan toplumyň bir bölegidir.

Partlama desgadaky ätiýaçlyk çelegi arassalanýan mahaly boldy diýip, Çehiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy aýtdy.

XS
SM
MD
LG