Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ulaglaryň kerweni Britaniýanyň Moskwadaky ilçihanasyny terk etdi


Russiýanyň paýtagty Moskwadaky birtan ilçihanasy
Russiýanyň paýtagty Moskwadaky birtan ilçihanasy

23-nji martda Moskwada ulaglaryň kerweni britan ilçihanasyny terk etdi. Bu waka Britaniýanyň Moskwadaky 23 diplomatynyň ýurdy terk etmegi boýunça Russiýanyň beren wagt möhleti dolmazyndan öň boldy diýlip, Reuters habar gullugynyň telewideniýede görkezen maglumatynda habar berildi.

17-nji martda Russiýa Londana garşy ar alyş hereketi diýip, 23 britan diplomatyny ýurtdan çykarýandygyny mälim edipdi. London Kremli Angliýanyň gündogarynda öňki rus içalysyna we onuň gyzyna nerwleri ysmaz edýän gaz bilen hüjüm etmekde aýyplapdy.

Şonda Russiýa ýurdy terk etmekleri üçin britan diplomatlaryna bir hepde wagt möhletini beripdi.

Russiýanyň bu hereketi, Britaniýanyň orsýetli 23 diplomaty içalyçylykda aýyplap, ýurtdan çykarmagynyň we Moskwa bilen ýokary derejeli gatnaşyklary wagtlaýyn togtatmagynyň yz ýanyna gabat gelipdi.

22-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bileleşigiň Moskwadaky ilçisi Markus Edereri yzyna çagyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de, ÝB-niň liderleri Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegine Russiýanyň jogapkär bolmagynyň “örän mümkindigi” barada netijä gelnenden soň, beýleki çäreleriň hem kabul edilmeginiň ähtimaldygyny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG