Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystanyň prokuraturasy dil baradaky şikaýaty ret etdi


Nižnekamsk şäherindäki sud zallarynyň biri

Russiýanyň Tatarystan regionynyň häkimiýetleri sebitiň salgyt edaralarynyň döwlet eýeçiligindäki banklarynyň öz hyzmatlaryny tatar dilinde däl-de, diňe rus dilinde hödürleýändigi barada ýerli ýaşaýjynyň eden şikaýatyny ret etdiler.

Etniki tatar Almaz Imamow öz ene dilinde hyzmat alyp bilmeýändigi sebäpli hukuklarynyň bozulýandygy barada şikaýat etdi. Regionyň konstitusiýasyna laýyklykda, tatar dili Tatarystanda resmi dil hasaplanýar.

Nižnekamsk şäheriniň prokuratura edarasynyň Imamowyň 21-nji martdaky şikaýatyna beren ýazmaça jogabynda, Tatarystanda rusçanyň we tatarçanyň resmi dillerdigine garamazdan, döwlet edaralarynyň öz websaýtlaryny tatar dilinde etmäge borçly däldigi aýdylýar.

“Eger raýatlar rusça düşünmeýän bolsa, onda olaryň resmiler bilen tatarça gürleşmäge hukugy bar” diýlip, şäher prokuraturasynyň jogabynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG