Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen serhetçileriniň eýranly balykçylary atyp öldürmegi bilen bagly Eýran Türkmenistandan “gyssgaly” düşündiriş soraýar


Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Kassemi

Türkmen serhetçileri 20-nji mart sişenbe gijesi Hazar deňzinde dört eýranly balykça ot açyp, olaryň ikisini öldürensoň, Eýran Türkmenistandan bu hadysa bilen bagly “derhal” düşündiriş soraýar.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Kassemi 22-nji mart penşenbe güni eden çykyşynda:

“Biz Türkmenistanyň serhetçileriniň balyk tutýan raýat gaýygyna ot açyp baş goşan paýhassyz hereketine güýçli protest bildirýäris” diýýär.

Şeýle-de, “Hadysanyň ýüze çykyp, gynandyrjy habaryň yaýramagynyň edil yzýany Eýranyň Daşary işler ministrligi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen häkimiýetleri bilen gatnaşyga geçip meseläni çynlakaý yzarlady”, diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Kassemi aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ministrligiň metbugat wekili agzalýan hadysa bilen bagly özleriniň Türkmenistandan düşündiriş sorap, resmi nota ugradandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Ýatladyp geçsek, 22-nji martda Associated Press Eýranyň ýarym-resmi ILNA habar agentligine salgylanyp, 20-nji mart gijesi dört eýranly balykçynyň Hazar deňzindäki Eýranyň territorial suwlarynyň kenar ujunda balyk tutmaga girişende türkmen serhetçilariniň balykçylara ot açandygyny, olaryň ikisiniň ölüp, beýleki ikisiniň ýaralandygyny habar berdi.

“Eýranly balykçylar Türkmenistanyň territorial suwlaryna aralaşaýanda-da serhet gullukçylary adaty halkara tejribelere eýerip, olary öz ýurdunyň suwlarynyň çäginden uzaklaşdyrmalydy”, diýip Bahram Kassemi aýtdy.

“Şol sebäpden, biz Türkmenistanyň jogapkär resmilerini gyssagly we resmi düşündiriş bermäge çagyrýarys hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary göz öňünde tutup, agzalýan hadysanyň ýurduň ygtyýarly häkimiýetleriniň hyzmatdaşlyk etmeginde doly aýdyňlaşdyrylmagyny umyt edýäris” diýip, Kassemi sözüniň üstüni ýetirdi.

Metbugat serişdeleriniň habarlarynda, türkmen serhetçileriniň Eýranyň gaýyklaryna ot açmak hadysalarynyň soňky ýyllarda has-da ýygylaşýandygy ýazylýar.

Hadysa eýranly ministriň Aşgabada saparynyň yzýany, Rohaniniň saparynyň öňýany boldy

Galyberse-de, eýranly balykçylaryň türkmen serhetçileri tarapyndan atylyp öldürilmegi bilen bagly hadysa Eýranyň Nebit ministri Bižan Namdar Zanganenyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň Türkmenistana sapar edip, ýurduň daşary işler ministrliginde gepleşik geçirmeginiň edil yzýanyna, Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň 27-nji martda Türkmenistana etjek saparynyň edil öňýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi Eýranyň wekiliýeti bilen Aşgabatda 19-njy martda geçirilen duşuşyk barada ýaýradan habarynda:

“Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar geljekde energetiki ulgamda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny beýan etdiler” diýildi.

Maglumat üçin aýdylsa, 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan tebigy gazyny kesmegi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar gowşady. Aşgabat Tährandan 2007-nji ýylyň gyşynda ulanan türkmen gazy üçin 1.8 milliard dollarlyk algysyny soraýar, Eýran bolsa aýazly gyşda goňşusynyň gazyň bahasyny birtaraply galdyrandygyny aýdýar.

Şeýle-de Türkmenistan, hususan-da TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Arap [pars] aýlagynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýyly garaýar. Ýaňy ýakynda, has takygy 13-nji mart – 15-njy mart aralygynda türkmen prezidenti Kuweýt döwletine, Birleleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrdy. Öz gezeginde Eýran tebigy gazyň halkara söwdasynda regionda özüne bäsdeş islemeýär.

Eýran, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan we Orsýet ýyllarboýy Hazar deňziniň kanuny statusy bilen bagly meseleleri çözmek üçin degişli konwensiýanyň ugrunda işläp gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG