Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýadaky ‘terrorçylykly aktda’ bir adamyň ölendigi habar berilýär


Fransiýanyň günortasynda wakanyň bolan ýeri

23-nji martda Fransiýanyň günortasynda ýaragly bir adam polisiýa ot açandan soň, supermarketde adamlary zamun aldy diýip, resmiler we polisiýa adýar.

Fransiýanyň Toulouse sebitiniň günortasynda ýerleşýän Trebes şäherçesindäki wakada azyndan bir adamyň öldürilendigi we başga-da bir sanysynyň agyr ýaralanandygy habar berilýär.

Fransuz premýer-ministri Edouard Filippe (Edouard Philippe) wakanyň “terrorçylykly akta” meňzeýändigini aýtdy.

Hüjümçi diýlip güman edilýän adam henizem supertmarketiň içinde bolup, onuň ýanynda başga näçe adamyň bardygy nämälim bolmagynda galýar.

Başlangyçda şübheli Karkasson şäherinden gelýän polisiýa ofiserlerine alty gezek ot açdy. Bir polisiýa ofiseri egninden ýeňil ýaralandy diýip, Fransiýanyň ýokary derejeli polisiýa resmisi Iw Lefewr (Yves Lefebvre) aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG