Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen saýlawlary dinastiýa ugrundaky nobatdaky çärä çalym edýär


Serdar Berimuhamedow

Türkmenistanyň Mejlisine deputatlaryň mundan ozalky saýlawlary bilen tanyş bolan adamlary geňirgendirýänem bolsa, bu sapar Tükmenistandaky parlament saýlawlarynda täsin galdyrýan ýagdaýlar bar.

Читайте также на русском

Parlament saýlawlaryna ses berişlik 25-nji marta meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga 284 dalaşgäri hasaba aldy. Olar parlamentdäki 125 orun üçin bäsdeşerler. Dalaşgärleriň köpüsi ýurtda hasaba alnan üç syýasy partiýanyň agzalary bolup, olar şulardyr, ýagny Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy (ozalky Kommunist partiýa), 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylaryň we telekeçileriň partiýasy, 2014-nji ýylda döredilen we parlament saýlawlaryna ilkinji gezek gatnaşýan Agrar partiýasy. Şol sanda, jemgyýetçilik inisiatiwalary boýunça toparlar hem az sanly dalaşgärleri hödürleýär.

Agzalýan partiýalardan soňky ikisi ýurtda köppartiýalylyk bar diýen hyýaly keşbi döretmek üçin edildi. Partiýalaryň ikisi-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny goldaýar. Olaryň hiç haýsysy nähilidir bir inisiatiwa hödürlemedi we aslyýetinde olar saýlaw döwründen beýleki wagtlarda gaty seýrek agzalýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň demokratiki partiýasyna-da (TDP) degişlidir.

Türkmenistanyň parlament saýlawlarynda başyndan bäri hilä ýüz urulýar. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny almagyndan üç ýyl soň, ýagny 1994-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilkinji saýlawlarda 51 deputat 50 adamlyk orun üçin ýaryşdy. Türkmenistanda 2013-nji ýylyň dekabrynda geçirilen soňky parlament saýlawlaryna 283 dalaşgär gatnaşyp, olaryň 99-y Türkmenistanyň demokratiki partiýasyndan hödürlenen dalaşgärlerdi. Gürrüňi gidýän soňky saýlawlarda deputatlar parlamentdäki 125 orun üçin bäsleşdiler.

Aslynda, saýlawlarda ýeňiji bolup deputatlyga saýlanmagyň gaty uly bir tapawudy ýok, sebäbi türkmen parlamenti ýurduň prezidenti näme buýruk berse şony ýerine ýetirýän kagyz ýüzündäki parlamentdir. Türkmenistanda 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soňra ýurduň häzirki parlamentiniň statusy pese düşürildi. Türkmenistanda häzir iň uly kanuny çykaryjy häkimiýet Halk maslahatydyr. Muňa indi Berdimuhamedowyň çykaran kararyna laýyklykda ýaşlaram gatnaşyp bilýär.

Azatlyk Radiosy parlament saýlawlary bilen bagly köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary bilen söhbetdeş bolup gelýär. Şu wagta çenli görnetin bir ýagdaý bar, ýagny adamlaryň köpüsi, hatda hemmesi diýen ýaly öz ýaşaýan etraplaryndan ýa-da beýleki etraplardan kimleriň saýlawlara dalaş edýändigini bilmeýär.

Ýöne bu gezek geçirilýän saýlawlar başgaçadyr.

Sebäbi bu sapar saýlawlara gatnaşýanlaryň arasynda, belki-de, tutuş türkmen halkyna mälim bolan bir dalaşgär bar, ol hem prezident Berdimuhamedowyň ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedowdyr.

36 ýaşly Serdar Türkmenistanyň parlamentiniň agzasydyr. Ol 2016-njy ýylyň 20-noýabrynda wagtyndan öň geçirilen saýlawlarda deputatlyga saýlandy.

Saýlawlar barada 18-nji noýabrda gysgaça aýdyldy. Agzalýan bildirişde kimleriň mejlisden çykýandygy, ýa-da onuň sebäpleri barada maglumat berilmedi, şol sanda kimleriň boş orunlara dalaş edýändigi barada-da dil ýarylmady.

23-nji noýabrda türkmen telewideniýesinde Ahal welaýatynyň Duşak saýlaw uçastogyndan ýaş Berdimuhamedowyň ýeňiş gazanandygy mälim edildi.

Serdar şol orna täzeden mynasyp bolmak üçin 25-nji martda ýene-de dalaş edýär we onuň netijeleri barada eýýämden şek-şübhe ýokdur.

Ýöne, bu entek hemmesi däl.

Golaýda Merkezi Aziýanyň liderleriniň Gazagystanyň paýtagty Astanda geçirilen duşuşgyna Serdar gatnaşdy. Prezident Berdimuhamedowyň özi bu duşuşyga gatnaşmady. Oňa derek ol Kuweýt döwletine we Birleşen Arap emirliklerine sapar etdi. Berdimuhamedow öz ornuna Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewany ugratdy.

Nurberdiýewa Astanada surata düşäýen-de bolsa onuň suratlary giňden paýlaşylmady. Ýöne Serdaryň gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen düşen suraty meşhurlyga eýe boldy.

Serdar Berdimuhamedow gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşýar.
Serdar Berdimuhamedow gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşýar.

Türkmenistanyň Baş kanunyna laýyklykda Mejlisiň başlygynyň wezipesi türkmen hökümetinde iň ýokary ikinji wezipedir. Eger-de prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese Mejlisiň başlygy onuň ornuna geçýär.

Nuberdiýewa 2007-nji ýylyň 23-nji fewralyndan bäri resmi taýdan Mejlisiň başlygy wezipesinde işleýär. Ol 2006-njy ýylyň 22-nji dekabr güni Mejlisiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek üçin bellenipdi. Türkmen resmileri öz wezipesinde munça wagtlap uzak galyp bilmeýärler.

Nuberdiýewa şu ýyl 61 ýaşaýar ýa-da ýaşady. Bu onuň Türkmenistanda zenan maşgalalaryň pensiýa çykmagy üçin kesgitlenen ýaşdan dört ýaş ulydygyny alamatlandyrýar.

Ol wezipeden çekilen ýagdaýynda Serdaryň ýoly açylýar. Şeýlelikde ol Konstitusiýa esasynda prezident kakasynyň ornuna geçmäge hukukly bolýar.

Ýöne, boýun almaly bir ýagdaý bar, ýagny bu diýilýän gürrüňler haçan-da Türkmenistanyň ilkinji prezidenti aradan çykanda bolmalysy ýaly bolmady. 2006-njy ýylyň 21-nji dekabr güni Nyazowyň aradan çykmagy bilen Mejlisiň şol wagtky başlygy Öwezgeldi Ataýew tussag edildi. Soňlugy bilen ol etnika ara duşmançylyga meçew bermekde aýyplanyp türme tussaglygyna höküm edildi.

Häzirki şertlerde, kakasy biwagt aradan çykan ýa-da ýarawsyzlyga uçran ýagdaýynda Serdar Berdimuhamedowyň gözegçiligi ele geçirmäge has oňat mümkinçiligi bar ýaly bolup görünýär.

Soňky aýlarda türkmen media serişdelerini yzarlaýan adamlar Serdaryň halk arasynda barha ýokarlanýan “abraýyndan” habarlydyr.

Nobatdaky saýlawlaryň ýene-de bir üýtgeşik tarapy bar, ýagny ol ozalky saýlawlardan tapawutlylykda dekabr aýynda geçirilmeýär. Mundan ozal 1994-nji, 1999-njy, 2004-nji, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda geçirilen saýlawlaryň ählisi dekabr aýyna dogurlanypdy. Bu özgerişiň sebäbi barada kelam agyz gürrüň edilmeýär, ýöne Türkmenistanyň 26 ýyllyk taryhynda iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän wagty, ýurtda amala aşyryljak has uly özgerişlerden ozal, mysal üçin manadyň dewalwasiýasyny durmuşa geçirmezden ozal, saýlawlary geçirip dynjak bolandyrlar.

- Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri gör (3)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG