Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iým gytçylygy mallaryň baş sanynyň azalmagyna getirýär


Türkmenistanyň obalarynyň birinde goýun-geçi sürüsi
Türkmenistanyň obalarynyň birinde goýun-geçi sürüsi

Türkmenistanda geçen ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda başlanan iým gytçylygy dowam edip, mallaryň köpçülikleýin öldürilip, ete geçirilmegine alyp geldi diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Öz hojalygy üçin inkubatorlarda öndürilen irki jüýjelerden 150 sanysyny satyn alan maryly ýaşaýjy Maýsa jüýjelerini iým gytçylygy sebäpli saklap bilmän, satmaly bolandygyny aýdýar.

Iým almagyň hem un almakdan ýeňil düşmeýändigini ähli welaýatlaryň ýaşaýjylaryndan hem eşitmek bolýar. “Beýle masgaraçylyk hiç bir döwletde görülip, eşidilen zat däldir, un ölçegli, iým ondanam beter ölçegli, nädip gün görmeli” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýaşaýjy zeýrenýärler.

Daşogzuň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, bu welaýatda ekilýän jöweniň hasylyny Mary, Ahal welaýatlarynyň ýaşaýjylary iým üçin satyn alyp gaýdýarlar. Şol sebäpli ozal bir kilosynyň bahasy 2 manat bolan jöweniň häzir bir kilosy 5 manada çenli ýokarlanypdyr.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň efirde adynyň agzalmazlygyny soran bir ýaşaýjysynyň sözüne görä, döwletiň pagtany satyn alyş nyrhy bir kilosy 1 manat 60 teňňe, bugdaýyň satyn alyş nyrhy bir kilosy 40 teňňe. Emma häzir kepegiň hem sarunyň bahasynyň bir kilosy ilata 1 manat 60 teňňä düşip dur. Sebäbi döwlet bahasy 30 teňňe bolan kepegem, bir kilosy 70 teňňe bolan sarunam elden-ele geçip, ilata gymmat bahadan satylýar.

Döwlet nyrhyndan aljak bolsaň, aýda 50 kilogramdan berilýän sarun üçinem nobata durmaly. 30 kilogramdan berilýän kepek üçinem nobata durmaly. Nobata durmak üçinem hojalygyňda malyň bardygy barada, daýhan birleşiginden kepilnama almaly, soňra bolsa oňa aýlap garaşmaly.

“Nobatyň gelende özümiz çagyrarys diýip, dükanda sanawa ýazýarlar. Emma habar alyp durmasaň, saňa ‘gel, nobatyň ýetdi’ diýýän satyjy ýok” diýip, ýaşaýjy aýdýar.

“Ilat işsiz. Her kim bir zat bilen güzeran aýlamaly. Alyp-satarlaryň hem ýagdaýy meniňki bolsun diýer ýaly däl. Gijesi bilen ýatman, iýmli maşynlaryň gelerine garaşýarlar. Ony gizlinräk bir ýere döküp, gije haltalara gaplaýarlar. Soňra hem diňe özleriniň tanaýan adamlaryna gije haltalap satýarlar. Iýmler elden-ele geçip, şeýle gymmada düşýär. Bu ýerde güzeran üçin gijeläp ýatman iým alyp-satýan ýaşaýjylary hem günäkärläsiň gelenok. Olaram çagasyna çörek tapmaly.

Bu ýerde halkyň ykbalyna jogapkär emeldarlaryň döwleti dolandyrmaga ukyplarynyň ýetmeýänligi üçin, günä olarda diýesiň gelýär” diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.

XS
SM
MD
LG