Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ähli uçastoklar saýlawlara doly taýýar; ses berişlik ilkinji gezek on-line görkeziler


Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edara binasy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edara binasy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar Mejlise deputatlary, halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalary saýlamak boýunça 25-nji martda geçiriljek saýlawlara ýurduň ähli saýlaw uçastoklarynyň doly taýýardygyny mälim etdi.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň 24-nji martda agzalýan topara salgylanyp beren maglumatyna görä, ýurduň saýlaw uçastoklarynyň her biri “ses bermek üçin içi görünýän gutular, şol sanda göçme saýlaw býulletenleri hem-de ähli zerur bolan maglumat beriş we usulyýet gollanmalary bilen öz wagtynda üpjün edildi. Ses bermek üçin ýörite otaglar, enjamlaşdyrylan ýerler bölünip berildi”.

Aýdylmagyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahaty bilen Türkmenistanda ilkinji gezek käbir saýlaw uçastoklaryndaky ses berişlikleri “on-line ýagdaýda görkezmäge mümkinçilik” döredildi.

Resmi habarda bu usuldan peýdalanmagyň saýlawlaryň “ýokary derejede aç-açanlyk ýagdaýda geçýändigine, şeýle hem iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga ymtylmanyň uludygyna şaýatlyk edýändigi” bellenilse-de, saýlaw gününde uçastoklara on-line görnüşinde nirelerde tomaşa edip boljakdygy barada maglumat berilmeýär.

Galyberse-de, käbir saýlaw uçastoklaryndaky ses berişlikleriň “on-line ýagdaýda görkeziljekdigi” baradaky maglumatlar Daşogzuň ençeme etraplarynda türkmen mediasynyň iki hepde öňünden, hamana, saýlaw güni wideo alnan ýaly edip, wideo reportažlary taýýarlap başlandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Bir topar býujet işgärlerini ýygnap, saýlaw uçastoklaryndan reportažlary taýýarladylar. Saýlawlary geçirmäge bellenenler, eýýäm býulletenleri özleri dolduryp, kameranyň öňünde ‘palança prosent adam ses bermäge geldi’ diýip maglumat berdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlara şaýat bolan bir çeşmesi gürrüň berdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň degişli kätibi bu maglumatlaryň “ýalandygyny” we “hemme zadyň kanuna, kodekse, konstitusiýa laýyklykda edilýändigini” Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Belläp geçsek, Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara syn etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylarynyň wekilçilikli topary hem-de ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleri Aşgabada bardylar.

TDH-nyň habarynda saýlawlara milli synçylaryň 4 müňden gowragynyň gatnaşmagy onuň açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýda geçmegine ýardam berer diýilse-de, Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly geçirildi diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

25-nji martda geçiriljek saýlawlarda mejlisiň 125 ornuna 284 kandidat dalaş eder. Ses berişlikler irden sagat 7:00-da başlap, 19:00-da tamamlanar.

XS
SM
MD
LG