Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň golaýyndaky poligona garşy täze protestler geçirildi


24-nji martda Moskwanyň ortaça 100 kilometr günbatarynda ýerleşýän Wolokolamskda 1000 çemesi adam ýene protest geçirdi.

24-nji martda Moskwanyň ortaça 100 kilometr günbatarynda ýerleşýän Wolokolamskda 1000 çemesi adam ýene protest geçirdi. Olar zäherli gazy syzdyrýan poligonyň ýapylmagyny talap etdiler. Bu zäherli gazyň netijesinde şu hepde onlarça çaga zeper ýetipdi.

Protestçiler ýerli dolandyryş edaralarynyň öňünde ýygnandylar. Bu protestler Moskwa regionynyň häkimi Andreý Worobýowyň bir gün ozal etrap başlygyny işden boşadandygyna garamazdan amala aşyrylýar.

21-nji martda Wolokolamskyň golaýyndaky “Ýadrowo” poligonyndan syzan gazdan dem alan ýaly bolup görünýän ýerli çagalaryň ortaça 150 sanysyna medisina kömegi berildi, şol sanda onlarçasy keselhana ýerleşdirildi.

Worobýowyň edarasy Ýewgeniý Gawrilowyň işden boşadylyp, onuň ýerine täze regional resminiň wezipä bellenendigini aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG