Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyratdaky bomba partlamasynda bir adam öldi, başga-da ýedisi ýaralandy


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň polisiýasy ýurduň günbatarynda ýerleşýän Hyrat şäherindäki şaýy musulmanlarynyň metjidinde bolan bomba partlamasynda azyndan bir adamyň ölendigini we başga-da ýedi sanysynyň ýaralanandygyny aýdýar.

Polisiýanyň metbugat wekili Abdul Ahad Walizada Hyradyň Nabi Akram metjidindäki partlamanyň 25-nji martda günortan wagty bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol wakada ýaralananlaryň ýerli keselhanalara ýerleşdirilendigini belledi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Hyratdaky metjide amala aşyrylan bomba partlamasy, Kabuldaky şaýy musulmanlarynyň metjidiniň daşyna edilen hüjümiň yz ýanyna gabat geldi. Janyndan geçeniň 21-nji martda, Nowruz baýramy bellenilýän wagty amala aşyran bombaly hüjüminde 33 adam ölüpdi we başga-da onlarçasy ýaralanypdy.

Şol hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne alypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG