Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde Owganystan boýunça halkara konferensiýasy geçirilýär


Daşkentde geçýän Owganystan boýunça halkara konferensiýasynyň belgisi, 26-njy mart, 2018
Daşkentde geçýän Owganystan boýunça halkara konferensiýasynyň belgisi, 26-njy mart, 2018

26-njy martda Özbegistanyň paýtagtynda Owganystan boýunça halkara konferensiýasy geçirilýär.

Daşkentdäki duşuşyga dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň, şol sanda ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Pakistanyň, Eýranyň, Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň wekilleri gatnaşýarlar.

Konferensiýada Owganystandaky parahatçylyk prosesi, terrorizme we neşä garşy göreş we regional hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahat ediler.

Daşkentdäki konferensiýa 28-nji fewralda Owganystanyň paýtagtynda geçirilen Kabul prosesiniň dowamy bolup durýar. Şonda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani “Talyban” bilen parahatçylykly gepleşikleri şertsiz geçirmegi teklip edipdi.

Özbegistanyň paýtagtyndaky çärä ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Tomas Şannon gatnaşar. Şannonyň Özbegistana edýän üç günlük saparynyň dowamynda prezident Şawkat Mirziýoýew we daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG