Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Germaniýa Orsýetiň diplomatlaryny çykarýar, Polşada we Baltiýa ýurtlary ilçileri söhbetdeşlige çagyrdy


Orsýetiň diplomatlaryny Britaniýadan Moskwa alyp baran uçar, Moskwa, 20-nji mart, 2018

Ak Tam 26-njy martda prezident Donld Trampyň Orsýetiň “onlarça aňtaw agentini” ABŞ-dan çykarmagy we Orsýetiň Seattle şäherindäki ilçihanasyny ýapmagy tabşyrandygyny mälim etdi. Orsýetiň habar agentlikleri ABŞ-dan çykarylýan orsýet diplomatlarynyň sanyny 60 adam diýip görkezdi.

Munuň bilen bir wagtda Germaniýanyň media serişdeleri Germaniýanyň Britaniýada öňki orsýetli gizlin agentiň zäherlenmegi bilen baglylykda dört sany orsýet diplomatyny ýurtdan çykarýandygyny habar berdiler.

Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň Polşadaky we Baltiýa ýurtlary Estoniýadaky, Latwiýadaky we Litwadaky ilçileri bu ýurtlaryň daşary işler ministrliklerine çagyryldy.

Orsýetiň habar agentlikleriniň 26-njy martda Orsýetiň ençeme diplomatyna salgylanyp ýaýradan maglumatlarynda ilçileriň çagyrylmagynyň sebäpleri mälim edilmedi.

Bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň Britaniýada öňki orsýetli gizlin agentiň zäherlenmegine jogap hökmünde Orsýetiň diplomatlaryny ýurtdan çykarmaga taýýarlyk görýän wagtyna gabat geldi.

Orsýetiň öňki gizlin agenti Sergeý Skripal we onuň gyzy Ýuliýa 4-nji martda Salisbury şäherinde huşsuz tapylypdy.

Britaniýa Skripaly Ikinji Jahan Urşy döwründe öndürlen harby hasaplanylýan zäherli madda bilen zäherlemekde Wladimir Putiniň hökümetini aýyplaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG