Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-atasy oglunyň Stambulda ölendigini giç habar eden türkmen resmilerinden nägile


Stambul
Stambul

Stambulda ýerleşýän hossarsyzlar gonamçylygyna oglunyň mazaryny görmek üçin gelenden soň, onuň ykbaly barasynda Azatlyk Radiosyna gürrüň beren türkmenistanly ene-atanyň aýtmagyna görä, olaryň zähmet migranty ogly mundan bir ýyl owal gurluşykda işläp ýörkä, ýykylyp aradan çykypdyr.

Читайте также на русском

Ýöne merhum oglunyň zähmet rugsady bilen işleýän firmasynyň Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň işgärlerine ýüz tutmagyna garamazdan, onuň jesedine eýe çykan bolmansoň, eltilip Stambuldaky hossarsyzlar gonamçylygyna jaýlanypdyr. Türkmenistanly maşgala öz oglunyň şeýle ýagdaýda aradan çykmagyny türkmen resmileriniň gaty giç habar berendigine nägileligini bildirýär.

"Biz Stambulda zähmet rugsady bilen gurluşyk firmasynda işläp ýören oglumyzyň aradan çykandygyny ep-esli wagt soň başga çeşmelerden öwrenip, Türkmenistandaky degişli organlara ýüz tutduk. Olara oglumyzyň golaýda Stambulda gurluşykda ýykylyp aradan çykandygyny öwrenendigimizi aýtdyk. Näme üçin Türkiýedäki ilçihana işgärleriniň bu ýagdaýy bize habar bermändigini we oglumyzyň bizden rugsat alynman, ol ýerde hossarsyzlar gonamçylygyna jaýlanandygyny sorap arz etdik. Ýerli organlar oglumyzyň Stambulda ölendigi barasynda hiç hili habaryň ýokdugyny öňe sürip, gaýtam bizi bu ýagdaýdan günäkär ýaly edip görkezjek boldular. Aradan bir ýyl geçensoň bizi Lebap welaýatynyň howpsuzlyk edarasyna çagyryp, oglumyzyň ölendigi barada maglumat edinendigini aýtdylar. Ol ýerde elimize bir mazar belgisini ýazyp berip, Stambuldaky hossarsyzlar gonamçylygyndaky şeýle belgili mazaryň oglumyza degişlidigini düşündirdiler. Biz olaryň beren maglumatyny alan badymyza derrew oglumyzyň ýylyny berdik we soň dokumentlerimizi taýýarlap, Stambula gitmek üçin, Aşgabada ýola düşdük" diýip, Stambula oglunyň hossarsyzlar gonamçylygyndaky mazaryny görmäge gelen türkmenistanly ene-ata gürrüň berýär.

"Stambula gitmek üçin, Aşgabadyň aeroportyna baranymyzda, migrasiýa gullugynyň işgäri bilen ýönekeý geýimli ýene iki adam ähli dokumentlerimizi görkezendigimize garamazdan, bize: "Daýza, nirä we näme üçin barýaňyz beýle? Hany, geliň bäri, gürleşeli" diýip soraga çekdiler. Biz oglumyzyň Stambuldaky hossarsyzlar gonamçylygyndaky mazaryna aýat-töwür etmäge barýandygymyzy, onuň ölendigini bir ýyl geçensoň resmi ýagdaýda öwrenendigimizi we onuň jesedini Türkmenistana getirmek ýaly bir planymyzyň hem ýokdugyny düşündirdik. Olar mazar zyýaratyna hossarlaryň bilelikde gidip bilýändigini, ýagny diňe ejesi bilen aýal doganynyň gidip bilmeýändigini aýdyp, bizi Aşgabadyň aeroportyndan yzymyza gaýtardylar. Soň Lebaba yzymyza gaýtmaly bolduk. Gaýtadan adamym bilen dokumentleri düzeldip, Stambula gaýtmak üçin, üç ýarym müň dollardan gowrak çykdajy etmeli bolduk. Ondan soň Aşgabadyň aeroportyndan adamym bilen ikimizi geçirip goýberdiler. Stambula gelinimizde oglum bilen bile işleşen obadaşymyz bizi firma alyp gitdi. Onsoň firmanyň ýolbaşçylary bilen oglumyň mazaryny takyk bir ýarym ýyl geçensoň zyýarat edip bildik" diýip, Stambuldaky hossarsyzlar gonamçylygynda ýatan türkmen zähmet migrantynyň ejesi Azatlyk Radiosyna başdan geçirenlerini aýdyp berdi.

Stambulda ýogalan P. Ç. atly türkmen zähmet migrantynyň işlän firmasynyň resmisi Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda beren maglumatynda, 1986-njy ýylda doglan türkmen migranty işgäriniň gurluşykda ýykylyp ölendigi barasynda, Türkmenistanyň ilçihanasyna habar edendigini, ýöne görnüşe görä olaryň onuň maşgalasyna wagtynda habar ýetirmändigini we raýatynyň jesedine hem eýe çykmany sebäpli, onuň Stambuldaky hossarsyzlar gonamçylygynda gömülmeli edilendigini aýdýar.

Firmanyň resmisi türkmen işgäriniň zähmet rugsady bilen işländigine we bikanun hiç hili ýagdaýyň ýokdugyna güwä geçýär. Firmanyň resmisi Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň işgärleriniň ene-atasyna oglunyň ölendigini näme sebäpden gaty giç habar edendigine olar bilen bir hatarda özüniň hem düşünip bilmeýändigini nygtaýar.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda agzalýan ýagdaý barasynda degişli türkmen resmilerinden, nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG