Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tatarstanda Türkmenistandan eltilen “galp” süýjüler saklandy


Tatarstanyň gümrük zonasy

Gazanyň gümrük gullugynda Türkmenistandan eltilen süýjüleriň barlagynda “Obýedinennyýe konditery” atly kärhanalar bileleşiginiň “Barbaris”, “Garagum” we “Wdohnoweniýe” atly söwda belgileriniň bikanun ulanylmagynyň üsti çyldy diýip, “Kmsomolskaýa prawda” neşri habar berdi.

Maglumata görä, gümrügiň arzasy boýunça ygtyýarly tarapyň wekili eksport ediji guramany öz harydynda söwda belgilerini bikanun ýerleşdirendigi üçin administratiw jogapkärçiligine çekmegi sorapdyr.

Şeýlelikde gümrükçiler 189 422 kilogram süýjini Türkmenistandan eksport edijiniň elinden alypdyr we oňa garşy Tatarstanyň gümrügi tarapyndan administratiw iş gozgalypdyr diýlip, media maglumatlarynda aýdylýar.

Türkmenistandan “galp süýjini” Tatarstana eltmäge synanyşanda saklanan bu gurmanyň ady we beýleki jikme-jik maglumatlar mälim edilmedi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG