Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kemerowo: Müňlerçe adam protest geçirdi, Putin 'günäkärleri jezalandyrmagy' wada berdi


Müňlerçe adam Sibiriň Kemerowo şäherinde protest geçirdi, 27-nji mart, 2018

Müňlerçe adam Sibiriň Kemerowo şäherinde protest geçirdi we söwda merkezinde bolan heläkçilikli ýangyn bilen baglylykda düşündiriş sorap, regional hökümetiň iş başyndan çekilmegini talap etdi.

25-nji martda dynç güni uly söwda merkezinde bolan ýangynda 64 adam wepat boldy, olaryň aglaba köpüsi çagalardy.

Ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda başlanan ýöriş müňlerçe adama çenli ulalyp, protestçiler şäheriň merkezine jemlendi.

27-nji martda irden Kemerowo şäherine baran Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin betbagtçylygyň yzýany köpçüligiň öňünde eden birinji çykyşynda günäkärleri jezalandyrmagy wada berdi.

Protestçiler “Korrupsiýa öldürýär!”, “Çekiliň!” we “Hakykaty aýdyň!” diýen mazmunly şygarlary öňe sürdüler we heläk bolanlaryň hakyky sanyny aýtmagy talap etdiler.

Potestçiler Kemerowo regionyny 1997-nji ýyldan bäri dolandyrýan gubernator Aman Tuleýewiň iş başyndan çekilmegini talap etdiler. Ene-atalaryň düzen sanawyna görä, heläk bolanlaryň arasynda 41 çaga bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG