Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar ýurtlarynyň ençemesi Orsýet diplomatlaryny çykarýar


Orsýetiň Londondaky ilçihanasy, 20-nji mart, 2018

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britaniýada öňki goşa aňtaw agentiň zäherlenmegine jogap hökmünde 60 çemesi orsýetli “aňtaw ofiserini” ýurtdan çykarmagy tabşyrdy. Munuň bilen bir wagtda Ýewropa Bileleşiginiň 14 agzasy we Ukraina orsýet diplomatlaryny öz ýurtlaryndan çykarmak kararlaryny yglan etdiler.

Britaniýa we Günbatar ýurtlary Sergeý Skripala we onuň gyzy Ýuliýa garşy nerwe täsir ýetiriji zäherli maddany ulanmakda Orsýeti güman edýärler.

ABŞ-nyň karary Orsýetiň Nýu Ýorkda BMG-niň missiýasyndaky 12 sany aňtaw ofiserini öz içine alýar diýlip, administrasiýanyň baş resmileri gizlinlik şertlerinde žurnalistlere aýtdylar.

Şeýle-de, beýleki ýurtlaryň ençemesi, şol sanda Çehiýa Respublikasy, Fransiýa, Germaniýa, Latwiýa, Litwa we Polşa orsýet diplomatlaryny çykarýarlar.

Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk bu çäreleri saklap bolmajagyny aýtdy. ÝB-niň agzasy bolmadyk Ukraina 13 sany orsýet diplomatyny ýurtdan çykarmak niýetini mälim etdi.

Mundan öň Britaniýa Orsýetiň 23 sany diplomatyny ýurtdan çykardy. Kreml muňa jogap hökmünde 23 britan diplomatyny Orsýetden çykardy.

4-nji martda Salisbury şäherinde huşsuz tapylan Sergeý we Ýuliýa Skripalyň haly agyrlygyna galýar. Olaryň zäherlenmegine gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýän Kreml diplomatlaryň çykarylmagyny “ýalňyşlyk” diýip atlandyrýar we “deňagramlylyk” esasynda hereket etmäge çagyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG