Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kireýkeş sürüjiler: ‘kanuna derek para ýöreýär’


Hususy taksi.
Hususy taksi.

Aşgabat şäherinde öz hususy awtoulaglarynda kireý edip, güzeran aýlaýan sürüjileriň kanuny esasda işlemegine, iki ýyl gowurak wagt bäri rugsat almak kynlaşdy. Ozal öz hususy awtoulagynda kireý etjekler patent üçin döwlet salgyt gullugyna her kwartalda 60 manat pul töläp, kanuny esasda işläp bilýärdiler.

Pürli atly sürüjiniň pikirine görä, ozalky düzgün döwlet üçinem, ýaşaýjylar üçinem bähbitlidi. Bu hem döwlet kassasyna girdeji, hem sürüjilere girdeji bolup, kanuny esasda işläp bilýärdiler.

“Işsiz adamlar bir zat edip maşgalasyny eklemeli. Öz ulagy bolan adamlaryň eklenç üçin ilkinji ýapyşalgasy kireý edip, güzeran aýlamak bolýar. Emma soňky girizlen gadagançylyklar sürüjileri bikanun işlemäge mejbur edýär. Döwlet salgyt gullugyna patent üçin ýüz tutan halatyňda, olar hususy awtoulaglarynda kireý etmek isleýän sürüjileriň toparlanyşyp, öz firmasyny açyp, lissenziýa alyp işlemelidikleri barada aýdýarlar. Emma sürüjileriň arasynda şeýle firmany döretmek isleýänleri tapaýmak kyn. Munyň hem sebäpleri Türkmenistandaky býurokratik çäklendirmeler, agyr salgyt çykdajylary” diýip, Pürli düşündirýär.

“Hususy taksi sürüjileriň köpüsünde öz awtoulaglary ýok. Awtoulagyny kireýine berýän adamlardan alyp, kireý edýäris. Munuň üçin awtoulag eýesine her günde 50 manat berýäris. Uzakly gün işläniňde, awtoulag eýesine bermeli puluňdan daşary, özüňede 20-30 manat galsa, begenip öýüňe gelýärsiň. Emma awtoulagyň abatlaýyş işleri hem öz boýnuňa düşýäni üçin, gazananja puluň belli bölegi oňa gidýär. Iş tapylsa işläniň gowy, ýöne halys iş tapylmansoň, kireý etmäge mejbur bolýarsyň” diýip, aşgabatly ýene bir sürüji Kemal aýdýar.

Bu çykdajylardan daşary hususy taksi sürüjileriň döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri bilen döwlet salgyt gullugynyň işgärlerine hem ‘aw’ bolýandyklaryny ol sözüne goşýar.

“Her köçäniň ugrunda, aýratyn-da, bukurak ýerlerde salgyt gullugynyň işgärleri ýolagçy bolandan bolup, hususy awtoulaglara el galdyrýarlar. Kireý edip ýören sürüji, elbetde, ýolagçy elini galdyrsa durmaly bolýar. “Ýolagçy” awtoulaga münüp, barjak ýerini aýdandan soňra, hususy awtoulag eýesi 100 metr çemesi ýol geçmänkä, bir ýerden eli taýakly awtoinspektor peýda bolup, ulagy saklaýar.

“Men kireý edemok” diýip, sypjak gümanyň ýok. Saňa ýolagçy bolan adam salgyt gullugynyň işgäri bolup çykýar. Onsoň hem salgyt gullugynyň işgärine, hem awtoinspektora ýalbaryp başlaýarsyň. Salgyt gullugynyň işgäri bilen ylalaşsaň, sürüjä düşýän jerimäniň 100 manatdygyny, ylalaşmadyk sürüjiniň bolsa banka gidip tölemeli jerimesiniň 300 manatdygyny aýdýarlar. Sürüji görgüli 100 manat berip sypsa razy bolýar” diýip, Kemal sözüne goşýar.

XS
SM
MD
LG