Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Kemerowoda wepat bolanlaryň hatyrasyna matam güni yglan edildi


Ýangynda wepat bolan 10 ýaşly Mariýa Agarkowanyň garyndaşlary, Kemerowo, 28-nji mart, 2018
Ýangynda wepat bolan 10 ýaşly Mariýa Agarkowanyň garyndaşlary, Kemerowo, 28-nji mart, 2018

Orsýetde 28-nji martda Kemerowo şäherindäki ýagynda wepat bolanlaryň hatyrasyna matam güni yglan edildi.

Kemerowo şäheriniň “Zimnýaýa wişnýa” atly uly söwda merkezinde 25-nji martda bolan ýangynda wepat bolan adamlaryň jaýlanyş çäreleri başlandy.

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Wladlen Aksýonow 28-nji martda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, ýitirm bolan adamlar barada başga ýüzlenmeleriň bolmandygyny we munuň netijesinde wepat bolanlaryň umumy sanynyň 64 adamdan ybaratdygyny we olaryň köpüsiniň çagalardygyny aýtdy.

“Zimnýaýa wişnýa söwda merkezinde wepat bolan 64 adamyň sany tassyklandy” diýip, Aksýonow aýtdy we ýaralananlaryň sanynyň 76 adama çenli köpelendigini we olardan 25 adamyň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Häkimiýetler şahsyýeti anyklanan 27 adamdan 13-siniň çagalardygyny habar berip, DNK barlaglarynyň esasynda geçirilýän anyklaýyş işleriniň iki hepdä çekmeginiň ähtimaldygyny mälim etdiler.

Häkimiýetler şahsyýeti anyklanan 21 adamyň jesediniň jaýlamak üçin garyndaşlaryna berlendigini aýtdylar.

27-nji martda müňlerçe adam Kemerowo şäheriniň köçelerine çykyp, derňew geçirmegi we regionyň gubernatorynyň çetleşdirilmegini talap etdiler.

XS
SM
MD
LG