Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Kosowodaky dargynlylykda taraplary 'asudalyga, paýhasa' çagyrdy


ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini (ç) we Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç (s), Belgrad, 28-nji mart, 2018
ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini (ç) we Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç (s), Belgrad, 28-nji mart, 2018

Ýewropa Bileleşigi Kosowonyň häkimiýetleriniň Serbiýanyň hökümet resmilerini çykaryp kowmagynyň yzýany iki ýurduň arasynda başlanan dartgynlylyk bilen baglylykda “asudalyga, paýhasa, saklanmaklyga we liderlige” çagyrdy.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini etnik serbleriň Kosowonyň hökümetinden çykyp, ýurduň demirgazygynda ýoly beklemeginiň yzýany Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç bilen gepleşmek üçin 27-nji martda Belgrada gyssagly sapar etdi.

Wuçiç bilen gepleşikleriň yzýany Mogherini “düýn Kosowoda bolan waka gaýdyp gaýtalanmaly däl” diýdi.

“Ýewropa Bileleşiginiň resmileri we Serbiýanyň prezidenti “işleşmegiň täze ýollaryny tapmagy we Belgradyň hem Priştinanyň arasyndaky meseleleri parahatçylykly çözmegi ylalaşdylar” diýip belledi.

Bir gün öň Kosowyň serb azlygyna wekilçilik edýän syýasatçylar Priştinanyň hökümetini terk etmek kararyny we hökümeti mundan beýläk goldamaýandygyny yglan etiler. Bu ýagdaý olaryň Belgradda Wuçuç bilen duşuşmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, serbler Kosowonyň demirgazygyny paýtagt bilen baglaýan ýoly ýük ulaglar bilen beklediler.

XS
SM
MD
LG