Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Ýemeniň gozgalaňçylaryna ýarag berendigi barada Saud Arabystanynyň aýyplamasyny ret etdi


Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň syýasy wekili Ýadollah Jawani
Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň syýasy wekili Ýadollah Jawani

Eýran Yslam Respublikasynyň Rewolýusion gwardiýasy öz ýurdunyň Ýemeniň gozgalaňçy “Huthi” toparyna ýarag berýändigi barada Saud Arabystanynyň öňe süren aýyplamalaryny ret etdi.

“Saud Arabystanynyň şeýle aýyplamalarynyň maksady olaryň Ýemende baş goşýan ýowuzlyklaryndan köpçüligiň ünsüni sowmakdan ybarat” diýip Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň syýasy wekili Ýadollah Jawani aýtdy diýip, 27-nji martda Tasnim täzelikler agentligi habar berdi.

Ýemendäki graždan urşunda “Huthi” toparyna garşy söweşýän hökümeti goldaýan Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa 26-njy martda Tährany geçen dynç günlerinde Riýada edilen hüjümde ulanylan ýedi sany raketany gozgalaňçylara bermekde aýyplady.

Koalisiýanyň metbugat-wekili “biz dogry wagtda we dogry ýerde Eýrana jogap bermek hukugymyzy saklaýarys” diýdi.

Eýranyň resmisi Jawani “saudiler giň möçberli zulumlara baş goşýarlar we amerikanlaryň, sionistleriň we käbir regional reaksion döwletleriniň kömegi bilen Ýemeniň geçen iki we üç ýylyň dowamynda basyş astyndaky halkyna hüjüm edýärler” diýdi.

“Şonuň üçin... olar öz aýyplamalaryny, şol sanda Eýrany Ýemeniň halkyna ýarag ibermekde günälemegini artdyrýarlar” diýip, Jawani belledi.

Jawani Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň geçen ýyldan bäri Ýemeniň portlaryny petiklemegi sebäpli bu ýurda ýarag ibermegiň mümkin däldigini belledi.

XS
SM
MD
LG