Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobel baýragynyň eýesi Malala hüjümden soň ilkinji gezek Pakistana bardy


Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýusufzaý (Malala Yousafzai)
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýusufzaý (Malala Yousafzai)

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýusufzaý (Malala Yousafzai) Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi bilen duşuşdy. Ýusufzaý 2012-nji ýylda “Talyban” söweşijileri tarapyndan kellesine ot açylandan soň, ilkinji gezek öz ýurduna sapar edýär.

29-njy martda Malala Yslamabada barandan birnäçe sagat soň, Abbasi ony öz ofisinde kabul etdi diýlip, Pakistanyň hökümetiniň beýanatynda aýdylýar.

Pakistanyň telewideniýesi Malalanyň we onuň ejesiniň hem-de kakasynyň Benazir Bhutto adyndaky halkara aeroportundan 15-e golaý ulag kerweni bilen gidip barýan pursatlaryny görkezdi. Şol ulag kerwenindäki ulaglaryň köpüsinde agyr ýaraglanan polisiýa işgärleri bardy.

Mundan öň, Pakistanyň häkimiýetleri 20 ýaşly Malalanyň döwlet resmileri bilen ýurduň çetki sebitlerinde bilimi ösdürmek perspektiwalaryny maslahat etmegi planlaşdyrýandygyny mälim edipdiler. Şeýle-de, olar howpsuzlyk sebäpli onuň saparynyň jikme-jikleriniň aýdyňlaşdyrylmaýandygyny belläpdiler.

XS
SM
MD
LG