Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Sibirde öýleri sil aldy, adamlar ewakuasiýa edildi


Russiýanyň günorta Sibir sebitindäki Tywa respublikasy. Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň günorta Sibir sebitindäki Tywa respublikasynyň hökümeti garyň eremegi netijesinde regionyň sil suwundan ejir çekýändigini aýdýar.

29-njy martda Tywa hökümetiniň ýaýradan beýanatynda Gyzyl etrabynda siliň gelmegi sebäpli 88 öýe zeper ýetendigi we munuň ýüzlerçe adama täsir ýetirendigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, halas ediş gullugynyň işgärleriniň adamlary penahanalar we azyk önümleri bilen üpjün edýändigi bellenilýär.

28-nji martda Russiýanyň Hakasiýa respublikaynyň häkimiýetleri hem, garyň eremegi netijesinde güýçli siliň gelendigini we munuň netijesinde adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini mälim etdiler.

27-nji martda adatdan daşary ýagdaýy yglan eden Altaý Kraý sebitiniň häkimiýetleri özleriniň 28-nji martda beren maglumatynda, regiona sil suwunyň gelmegi netijesinde iki adamyň ölendigini aýtdylar.

Altaý Kraýyň häkimi Aleksandr Karliniň 29-njy martda beren maglumatyna görä, regiondaky 80 şäherçäniň we obanyň çäginde 1,012 öýi sil aldy, şeýle-de 1,600-dan gowrak adam ewakuasiýa edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG