Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ilçisi Moskwanyň “Talybany” ýarag bilen üpjün etmändigini aýtdy


Zamir Kabulow

Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Moskwanyň “Talyban” hereketiniň ABŞ güýçlerine we owgan hökümetine garşy alyp barýan 16 ýyllyk söweşiniň dowamynda jeňçileri ýarag bilen üpjün edendigi baradaky Pentagonyň aýyplamalaryny ret etdi.

Zamir Kabulow Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda “Talyban” hereketiniň gerek ýaraglaryny owgan hökümetinden we polisiýasyndan bikanun ýagdaýda satyn alyp bilendigini we özleriniň jeňçilere hiç hili maliýe hemaýatyny bermändiklerini aýtdy.

Kabulow Russiýanyň “Talyban” bilen gatnaşyklarynyň “Owganystandaky ruslaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ‘Talybany’ parahatçylyk gepleşiklerine çekmek üçin” ulanylandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG