Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda gyşyň sowugynda işledilmedik ýyladyş sistemasy howa maýlanda ýakylýar


Aşgabadyň Parahat-7 etrpçasynda ýyladyş turbalaryny çalyşýan işçiler. Illýustrasiýa suraty

Şu günler Aşgabatda howanyň gyzgynlygy 30 gradusa çenli ýetýän mahaly, köpgatly jaýlarda gyşyň güni köplenç ýakylmadyk ýyladyş sistemalarynyň gaýtadan işledilip başlanandygyny, Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýarlar.

Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda bolup geçýän täzeliklere ýakyndan syn edýän paýtagtly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, ýyladyş sistemalary Parahat-1,2,3 etrapçalaryndaky köpgatly jaýlarda, Nowruz baýramynyň öň ýanynda ýakylyp başlandy.

“Ýyladyş sistemasy jaýlary juda gyzdyrýar, hatda, radiatorlara, ýagny gyzgyn suw aýlaýan turbalara uly adamlar elini degrip bilýär welin, çaga-çugalar elini degirse, gyzgyna çydap bilmän, elini dessine çekýär ýa-da çagajyk şoňa awunyp aglaýar. Garaz, ortaça 19-20- nji martdan bäri jaýlary ýylatmak boýunça gyş edilmeli iş indi edilýär” diýip, Bugaýew belledi.

“Aşgabatda saýlaw güni ýyladyş turbalary ýarylýar” sözbaşy bilen çap eden makalamyza teswir galdyran okyjymyz hem bu ýagdaýy tassyklap, mart aýynda paýtagtda howanyň temperaturasynyň 35 gradusa ýetýändigini, ýyladyş sistemalarynyň güýçli gyzýandygyny we adamlaryň yssa çydaman, kondisionerleri işletmeli bolýandygyny ýazýar.

“Bir tarapdan, peç gyzýar, beýleki tarapdan howa gyzgyn. Häkimlige jaň edip, yssy wagty ýyladyş turbalaryny öçüräýiň diýseň, olar häkim entek karar berenok diýýärler. Şeýdip, häkimiýetler ilata edip bilen zulmuny görkezýär, ýagny howanyň gyzgyn wagty, otopleniýany ot ýaly gyzdyryp, adamlara kommunal hyzmatlary berýärler” diýip, adyny ýazman teswir galdyran okyjymyz belleýär.

Bugaýew hem ‘howa maýlandan soňra gaz ýakyp, döwletiň serişdesini bisarpa ulanmak nämä gerek' diýip, parahatly ýaşaýjylaryň ençemesiniň Öý dolandyryş edaralaryna we häkimliklere ýüz tutandygyny, emma olaryň öz haýyşlaryna oňaýly jogap alyp bilmändiklerini aýdýar.

“Öý dolandyryş edaralarynda işleýänler içiňi ýakaýyn diýen ýaly gülki edýärler diýýärler. ‘Siziň göwnüňizden nädip turmaly? Ýylatsak, ýyladýaňyz diýip arz edýäňiz. Ýylatmasak, ýyladaňyzok diýip arz edýäňiz. Biz-ä size düşünemizok’ diýip, gaýtam arz edip baran adamlaryň üstünden gülýärmişinler. Onsoň adamlar jany ýananyň gülküsini edip, ‘biziň ilimizde indi ähli zat gitdigiçe ösýär. Bizde indi gaz bilen ýyladylanok-da, gün energiýasynyň hasabyna ýyladylýar. Şonuň üçinem howa gyzdygyça biziň jaýlarymyzyň ýyladyş sistemasy has gowy işleýär. Sebäbi bizde gün energiýasyndan energiýa alynýar’ diýip, içi ýananyň gülküsini edýärler” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda, Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň häkimliginden kommentariý almak üçin eden synanyşyklary başa barmady. Emma Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda gyş paslynda işledilmeli ýyladyş sistemasynyň howanyň maýlap başlamagy, ýagny mart aýynyň ortalarynda ýakylmagy bilen bagly ýagdaý indi ençeme ýyl bäri gaýtalanyp gelýär.

Aşgabatly synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi kommunal hyzmatlar üçin her aýda 1 m2 meýdan üçin 10 teňňe töleýändiklerine garamazdan, gyşyna ýyladyş sistemalarynyň köplenç işledilmeýändigi sebäpli öýleri gyzdyrmak üçin, alaçsyz elektrik peçlerden peýdalanmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Gyşyň güni ýyladylmaýan ýyladyş sistemasy üçin, bir tarapdan, Öý dolandyryş edarasyna pul tölesek, beýleki tarapdan, öz sarp etmeli togumyzy iki esse diýen ýaly köp ulanyp, elektrik edarasyna hem goşmaça töleg tölemeli bolýarys” diýip, Aşgabadyň Parahat-3 etrapçasyndan özüni Ogulgözel diýip tanyşdyran zenan gürrüň berdi.

Belläp geçsek, energiýa resurslaryna baý Türkmenistanda gyş aýlarynda ýyladyş turbalarynyň ýarylmagy we elektrik togunyň, gazyň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň hem ýygy-ýygydan gaýtalanýandygy barada, Azatlyk Radiosy yzygiderli habar beripdi.

Bu ýagdaýlar we munuň bilen bagly ilatyň duçar bolýan kynçylyklary barada resmi mediada aç-açan habar berilmese-de, 2-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere elektroenergiýa gulluklaryny gyş möwsümine taýýarlamak barada ençeme gezek tabşyryk berlendigine garamazdan, ýanwar aýynda ençeme ýagdaýlarda elektrik üpjünçiliginde we howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünlerinde kemçilik goýberilendigini boýun aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG