Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda musulmany ýenjip öldüren toparyň agzalary ömürlik tussaglyga höküm edildi


Hindistnda sygyrlaryň soýulmagyna garşylyk görkezýän raýatlar
Hindistnda sygyrlaryň soýulmagyna garşylyk görkezýän raýatlar

Hindistanyň Jarhand ştatynda özüni haýwan hukuklaryny goraýjy hökmünde tanadýan 11 adam ömürlik tussaglyga höküm edildi. Olara şeýle agyr jeza sygyr etini daşaýan bir musulmany öldürendigi üçin berlipdir.

Hindiler sygry mukaddes hasaplap, oňa çokunýarlar we şonuň üçinem onuň etini iýmeýärler. Hindistanda ýaşaýan onlarça million musulman bolsa sygyr etini iýýärler. Soňky ýyllarda Hindistanyň köp ýerinde sygyrlaryň soýulmagyna garşy “göreş alyp barýan meýletinleriň toparlary” ýüze çykdy. Olar musulmanlara hüjüm edip, sygyrlaryny elinden alyp, mallary ýörite goralyp saklanýan ýerlere tabşyrýarlar.

Ömürlik tussaglyga höküm edilenleriň arasynda häkimiýetdäki Bharatiýa Janata partiýasynyň şol ştatdaky ýolbaşçysy hem bar.

Geçen ýylyň 29-njy iýunynda ýene şol toparyň agzalary Alimuddin Ansari atly raýaty ulagyndan düşürip, ony ýenjip öldüripdi. Soň onyň awtoulagyny hem oda beripdi. Ol wakanyň wideo şekili hem internetde giňişleýin ýaýradylypdy.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” halkara guramasynyň bildirmegine görä, geçen ýyl Hindistanda “sygyrlaryň goralmagy maksady bilen” diýlip edilen 38 hüjüm hasaba alnypdyr. Şol hüjümlerde hem azyndan 10 adam ölüpdir.

Ansariniň janyna kast edilmezden birnäçe gün owal hem Jarhandda başga bir adam ýenjilip, öýi hem oda berlipdi. Ol adam öýüniň ýanyndan sygyr süňkleri tapylandan soň, şeýle hüjüme duçar edilipdir.

Käbirleri şeýle hüjümleriň köpelmeginde polisleri aýyplap, olaryň “meýletinler” diýlip atlandyrýan toparlara degmeýändigini öňe sürýärler.

Ansariniň janyna kast edilmeginden soň, Hindistanyň premýer-ministri Narenda Modi hem ýörite çykyş edip, “zorluk bilen hiç bir problemanyň çözülip bilinmejegini” aýdypdyr.

Ansariniň kazyýet jaýynyň öňünde žurnalistlere beýannama beren ogly Şahzad bolsa “sülçüleriň adalatly karar bermeginden hoşaldygyny” nygtap: “Meniň kakam erbet iş eden adam däldi. Hiç kimiň özüni kanundan üstün tutmaga we kellesine gelenini etmäge haky ýokdur” diýipdir.

Ansariniň ýanýoldaşy Mariam Hartun hem maşgalasynyň duçar edilen ýagdaýyna garamazdan, “gan dökülmegini islemeýändigini” aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG