Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pensionerlerden, maýyplardan pensiýa we kömek pullaryny bankomatlardan almak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ýaşy 65-e ýetmedik pensionerlerden we üçünji derejeli maýyplardan öz kömek pullaryny we pensiýa haklaryny öňküsi ýaly bank şahamçalaryndan däl-de, bankomatlardan almak talap edilýär.

Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda bolup geçýän täzeliklere ýakyndan syn edýän paýtagtly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, 1-nji aprelden, türkmen banklarynyň işgärleri 65 ýaşy dolmadyk pensionerlere öňümizdäki aýdýan başlap öz pensiýa haklaryny diňe bankomatlardan alyp biljekdigini duýduryp, olary plastik kartlaryny almak üçin, beýleki bir bank penjiresine tarap ugradýarlar.

“Pensiýa berilýän banklaryň ählisinde goşmaça penjire döredilipdir. Ýaşy 65-e ýetmedik pensionerler şol ýere barýarlar hem-de pasportyny we pasportynyň kopýasyny berýärler. Şol ýerde-de hemmesi birmeňzeş tekstde taýýarlanan ýörite şertnama bar. Bu şertnamany baglaşmak üçin, 21 manat 80 teňňe talap edilýär. 22 manat berseň, onuň 20 teňňe gaýtargysynam köplenç bermeýärler. Şondan soň pensionerlere bu şertnama bilen öz degişli etrabyndaky Sosial üpjünçilik bölümine barmalydygy aýdylýar” diýip, Bugaýew pensionerleriň we bank işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Mundan soň, ýagny pensionerlerden bankda baglaşan şertnamasyny degişli etrabyň Sosial üpjünçilik bölümine tabşyryp, üç hepde soň olara gaýtadan bu ýere barmak talap edilýär.

“Sebäbi şol üç hepdäniň dowamynda banklarda pensiýalary almak üçin gizlin kodly plastik kartlar taýýarlanjakmyşyn. Soňra ýaşy 65-e ýetmedik pensionerler maý aýynyň pensiýasyny hökman plastik kartlar arkaly bankomatlardan almaly” diýip, Bugaýew aýdýar.

Şeýle-de, ol bu täze talabyň käbir maýyplara hem degişlidigini belläp, ýaşy 65-e ýetmedik üçünji derejeli maýyplaryň döwlet kömek pullaryny maý aýyndan başlap, diňe plastik kartlaryň üsti bilen bankomatdan alyp biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Bu täze düzgüniň girizilmeginiň sebäpleri barada, bank resmileri tarapyndan häzirlikçe anyk maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär. Ýöne Bugaýew adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir ýaşaýjylara we bank resmilerine salgylanyp, bu çäre banklardan pensiýa alýanlaryň sanyny azaltmak arkaly, banklardaky işgärleriň sanyny kemeltmek üçin edilýän tagallanyň bir bölegi diýýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanda pensionerleriň, maýyplaryň, ýagny mümkinçiligi çäkli adamlaryň kömek pullarynyň we pensiýa haklarynyň plastik bank kartlaryna geçiriljekdigi we olaryň öz pullaryny bankomatdan nagtlaşdyryp biljekdigi baradaky maglumatlar ilkinji gezek 2016-njy ýylyň ahyrynda peýda bolupdy. Ýöne şonda pensionerleriň we maýyplaryň köpüsi bank hasaplaryny açdyrmakdan ýüz öwürdiler we olar bu hyzmatdan peýdalanmaga mejbur edilmändi diýip, aşgabatlylaryň käbirleri aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan pensionerleriň we maýyplaryň ençemesi bankomatlarda köplenç nagt puluň tapdyrmaýandygyna ünsi çekip, täze talabyň özleriniň durmuşyny has-da kynlaşdyrjakdygyny aýdýarlar.

“Öň belli bir bank şahamçasyna baryp pensiýamyzy ýa-da kömek pulumyzy alýardyk. Indi bankomatlarda pul tapýançaň, etrabyň ýa-da şäheriň bir çetinden, beýleki çetine bir günüň dowamynda ençeme sagatlap ýa-da birnäçe günläp aýlanmaly bolarys. Bu mümkinçiligi çäkli ýa-da ýaşy bir çene baran adamlara artykmaç bökdençlik döredýär” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran 63 ýaşyndaky pensioner zenan aýtdy.

Türkmenistanda aýlyk haklaryny, pensiýa we kömek pullaryny, talyp haklaryny plastik kartlar arkaly tölemek düzgüniniň girizilenine indi üç ýyldan gowrak wagt boldy.

Türkmen häkimiýetleri bu çäräniň bank ulgamyny kämilleşdirmek we raýatlara halkara standartlaryna laýyk gelýän bank hyzmatlaryny hödürlemek üçin amala aşyrylýandygyny aýtsalar-da, ýurtdaky bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýandygy barada, Azatlyk Radiosyna ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG