Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky howa zarbasynda ‘Talyban’ söweşijileri, parahat ýaşaýjylar öldi


Gunduzdaky howa zarbasynda ýaralanan ýaşaýjy keselhanada saglyk bejergisini alýar.

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda “Talybanyň” üýşmeleňi diýlip güman edilýän ýere amala aşyrylan howa zarbasynda onlarça adama, şol sanda parahat ilatdan ýaşaýjylara zeper ýetdi diýip, resmiler we waka şaýat bolanlar aýdýarlar.

Ýerli polisiýa ofiseri Abdul Hamid Hamidiniň aýtmagyna görä, 2-nji aprelde Gunduzyň çetindäki Daşt-i Arçi etrabyna edilen howa zarbasynda operasiýalary geçirmäge taýýarlanýan “Talyban” söweşijileriniň üýşmeleňi nyşana alyndy. Munuň netijesinde azyndan 15 adam öldi we başga-da 10 sanysy ýaralandy.

Pakistanyň Kwetta şäherinde ýerleşýän “Talyban” häkimiýet geňeşiniň wekilleri bu ýere sapar edýän mahaly howa zarbasy amala aşyryldy we ölenleriň arasynda parahat ilatdan ýaşaýjylar hem bar diýip, Hamidi aýtdy. Ýöne ol bu barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Waka şaýat bolanlaryň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, howa zarbasynda 50 çemesi adam ölüp, başga-da 100-den gowragy ýaralandy, olaryň köpüsi parahat ilatdan ýaşaýjylardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG