Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin prezidentlige gaýtadan saýlanaly bäri edýän ilkinji saparynyň çäginde Erdogan bilen duşuşýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 3-nji aprel, 2018 ý.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin geçen aýda prezidentlige gaýtadan saýlanaly bäri edýän ilkinji saparynyň çäginde, 3-nji aprelde Ankarada türk kärdeşi Rejep Taýýyp Erdogan bilen duşuşar.

Kremliň maglumatynda aýdylmagyna görä, Putin bilen Erdogan telekonferensiýa arkaly Türkiýäniň ilkinji atom elektrik stansiýasynyň başlangyç dabarasyny yzarlarlar. Bu desga Orsýetiň hyzmatdaşlygy bilen gurulýar.

Mundan başga-da liderleriň iki taraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, Türkiýäniň Orsýetden satyn almagy planlaşdyran ýer-howa raketa sistemalarynyň jikme-jikleri, şeýle hem Siriýadaky ýagdaý hakda pikir alşylmagyna garaşylýar.

4-nji aprelde bolsa Siriýa konflikti hakda Ankarada üç taraplaýyn gepleşik geçirmek maksady bilen Orsýetiň we Türkiýäniň ýolbaşçylaryna Eýranyň prezidenti Hassan Rohani-de goşular. Ýedi ýyl bäri dowam edýän konflikte bu ýurtlaryň üçüsi-de içgin gatnaşýarlar.

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýeniň uçarlary Siriýa serhediniň golaýynda Orsýetiň bir harby uçaryny atyp gaçyranyndan soňra, Moskwa bilen Ankara arasyndaky gatnaşyk ýaramazlaşypdy. Ýöne Putin bilen Erdogan öz ýurtlarynyň Günbatar bilen bolan gatnaşyklary gowşap ugranyndan soňra, özara gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda dürli çäreleri ýola goýdular.

Ankara Orsýetiň atom energiýasy boýunça döwlet kompaniýasy Rosatoma “Akkuýu” atom elektrik stansiýasynyň birinji böleginiň gurluşygyna başlanmagyna rugsat etdi.

Türkiýe ilkinji atom elektrik stansiýasynyň 2023-nji ýyldan bärde öz işine başlaryna garaşýar. Ýöne bahasy 20 milliard dollar diýip çaklanýan dört bölekden ybarat desganyň gurluşygy dürli sebäplere görä gijikdirildi.

Mundan başga-da, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygy bilen “TürkAkymy” gaz geçirijisi gurulýar. Orsýetden Türkiýä gaz akdyrmagy planlaşdyrylan bu liniýanyň bahasy 12 milliarddan agdyk diýip çaklandy.

Ankara Orsýetden raketadan goranyş üçin S-400 kysymly sistemasyny satyn almak barada hem Moskwa bilen gepleşik geçirýär. Türkiýäniň NATO ýaranlary bolsa muny halanoklar. Birleşen Ştatlar dünýäniň ähli ýurtlaryna, şol sanda Türkiýä-de, duýduryş berip, olaryň Orsýetiň harby senagaty bilen edilen “saldamly söwdalar” sebäpli sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmaklarynyň mümkindigini aýtdy.

Siriýa konfliktinde bolsa gapma-garşylykly taraplary goldaýan Orsýet bilen Türkiýe Eýran bilen birlikde söweşleriň gidişini haýallatmak üçin “gazaplylygy aşakladyş zonalaryny” döretmek ugrunda iş alyp bardylar. Olar şeýle hem Gazagystanyň paýtagty Astanada Siriýa konflikti boýunça alnyp barylýan tapgyrlaýyn gepleşiklere howandarlyk edýärler.

Siriýada barýan urşuň tutuş dowamynda Orsýet bilen Eýran harby we diplomatik taýdan ýurduň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini goldap geldiler. Hökümetiň protestçileri basyp ýatyrmagy bilen başlanan uruş ýüz müňlerçe adamyň heläkçiligine getirdi.

Bu konfliktde Türkiýe Assady häkimiýet başyndan kowmak isleýän gozgalaňçylary goldaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG