Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda harby gullugy gutaranlaryň öýüne goýberilmegi üçin para soralýar


Türkmen esgerleri. Illýustrasiýa suraty
Türkmen esgerleri. Illýustrasiýa suraty

Aşgabatdaky harby bölümleriň käbiri gullugyny mart aýynda tamamlan esgerleriň öýüne goýberilmegi üçin, maşgalalaryndan para soraýandygy habar berilýär.

Lebap we Mary welaýatlaryndan ogullarynyň hasapda durýan Aşgabatdaky harby bölümlerine gelen ata-eneler ogullarynyň goýberilmeýänliginden zeýrenip, Azatlyk Radiosyna ýüz tutýarlar. Olaryň ogullary mart aýynda harby gulluk möhletini doly tamamlandygyna garamazdan, entegem olara rugsat berlenok diýilýär.

"Aşgabatdaky harby bölüme oglumyzy almaga barsak. Oglumyz ol ýerde ýok ekeni. Onuň nirededigini resmilerden anyk öwrenmek başartmady. Käbir harbylar onuň türgenleşik üçin gidendigini, birnäçe günden dolanyp geljegini bildirdi. Ýöne ony tanaýan esgerleriň käbiri oglumyň Bäherden tarapda biriniň hojalygynda işläp ýörendigini aýtdy. Biz oglumyzy görjek bolup, haýp, harby bölümiň gapysynda ýatypdyrys. Esgerleri Aşgabadyň töweregindäki etraplara hojalyklara işlemäge iberen ekenler. Ondan soň onuň harby ýolbaşçylary bilen gürleşsek, bizden para soradylar. Ýogsam onuň deregine täze esger gelýänçä, harby gulluk möhleti dolanam bolsa, goýberip bilmejegini öňe sürdüler. Biz indi näme etjegimizi bilmän, bu ýagdaýy Azatlyk Radiosynyň üsti bilen ýokardakylara eşitdirmek isledik" diýip, lebaply we Maryly esgerleriň maşgalalary Azatlyk Radiosyna iberen maglumatynda aýdýar.

"Biz bu ýerdäki beýleki esgerleriň maşgalalary bilen gürrüňleşip köp zady öwrendik. Aşgabatda gulluk edýän ogluny görmäge gelýänler birnäçe günläp harby bölümiň gapysynda garaşmaly bolýarlar. Sebäbi ol esger harby bölümde bolmaýar, ýagny olary töwerekdäki etraplaryň hojalyklarynda işlemäge iberýärler. Harby bölümden hojalyklara işlemäge iberilýänler muňa garşylyk görkezjek bolsa, olara dürli jezalar berilýär. Hojalyklarda işledilýän esgerler harby gulluk möhleti dolanam bolsa, deregine tä başga biri saýlanyp alynýança hökman garaşaýmaly, ýagny ol gullugy gutarsa-da öýüne dolanyp bilmeýär" diýip, Aşgabatda gulluk edýän oguluna garaşýan Mary we Lebap welaýatyndan bolan käbir ene-atalar Azatlyk Radiosyna aýdýarlar.

Golaýda harby gullugy tamamlap, Türkiýä işlemäge gelen käbir türkmen zähmet migrantlary hem Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanda, ýokarda agzalýan ýagdaýlaryň dogrudygyny tassyklap, şol bir wagtyň özünde esgerleriň iki ýyllap geýen harby eginbaşynyň ýarym bahasyny tölemäge hem mejbur edilýändigini öňe sürýärler.

"Aşgabatda harby gullugy tamamlap, öýe dolanjak mahalyň gol çekdirilýän resminamada "harby eginbaşda gitdi" diýlip görkezilýän hem bolsa, aslynda ýolbaşçylar zor bilen 160 manat töledip, esgerleriň harby eşigini yzyna alyp galýarlar. Aşgabatda hakyky manyda gulluk edýän az, ýagny esgerleriň köpüsi hojalyklarda batrak ýaly işläp ýörler. Meniň özüm Gökdepedäki bir hojalyga iberildim we ene-atam yzymdan almaga gelende, soralýan para-peşgeşi bermäge razylyk bildirse-de 4 gün garaşdyryp, soň meni goýberdiler. Onsoň menem bergileri üzmek üçin, Türkiýä işlemäge gaýtmaly boldum" diýip, Stambuldaky zähmet migranty aýdýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy ýanwarda, Balkan welaýatyna eden iş saparynyň dowamynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde, Goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" diýen käýinç yglan edipdi. Şol bir wagtda, prezident ýurduň Ýaragly güýçleriniň düzümlerini döwrebap derejede enjamlaşdyrmak, harbylaryň gulluk hem ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrypdy.

Sözi jemlesek, Aşgabatdaky harby gulluk möhletini tamamlandygyna garamazdan, öýüne goýberilmeýän käbir esgerleriň ykballary barasynda, ýokaryda agzalýan ýagdaýlar bilen baglanşykly degişli türkmen resmilerinden, nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG