Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň döwlet dükanlarynda künjara we kepek satmak ‘gadagan edildi’, ammarlarda ‘bugdaý azalýar’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje, Saparmyrat Nyýazow we Görogly etraplarynyň döwlet dükanlarynda ozallar adamlara döwlet bahasyndan arzan hödürlenen künjaranyň we kepegiň satuwyna gadagançylyk girizildi.

Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde habarlaşýan welaýatdaky çeşmämiz mundan ozal kepek ugrunda 500 adamdan aşýan nobatlaryň dörändigini habar berdi.

“Ozallar her ele döwlet bahasyndan 20 kilogram kepek we künjara berilýärdi. Kepegiň 1 kilogramynyň bahasy 20 teňňeden, künjaranyň 1 kilogramynyň bahasy 50 teňňeden satylýardy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de gürrüňdeşimiz agzalýan etraplarda käbir adamlaryň ilkibaşlarda dükanlardan döwlet bahasyndan arzan satyn alan kepekdir künjaralarynyň kilogramyny degişlilikde 1 manat 20 teňňeden we 2 manatdan bazara çykaryp, satyp goşmaça gazanç çeşmesi edinendigini, ýöne soňlugy bilen kepek ugrunda uzyn nobatlaryň döremegi bilen, galyberse-de nobatlarda dawa-jenjelleriň ýüze çykmagy bilen häkimlikleriň dükanlarda kepegiň we künjaranyň satylmagyna gadagançylyk girizendigini aýtdy.

“Indi soňky iki hepdeden bäri welaýat häkimligi beýle nobatlary we nobatlarda ýüze çykýan dawa-jenjelleri aradan aýyrmak maksady bilen döwlet dükanlarynda kepegiň satylmagyna gadagançylyk girizipdir” diýip, welaýatdaky çeşmämiz gizlinlik şertlerinde gürrüň berdi.

Onuň bellemegine görä, döwlet dükanlarynda iýmiň satylmagyna girizilýän gadagançylygyň başga-da sebäpleri bar.

“[Welaýatyň] un zawodlarynda bugdaýyň juda azalmagy, pagta ýag zawodlarynda işleriň haýallamagy we geçen ýylyň dowamynda ýygnalmaly pagta hasylynyň [bellenen] zerur möçberden döwlete has az tabşyrylmagy kepek we künjara satuwyny çäklendirýän esasy sebäplerdir” diýip, çeşmämiz agzalýan ýagdaýyň mümkin bolan beýleki sebäpleri barada gürrüň berýär.

Kepek ugrundaky dawaly nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

“[Welaýatdaky] un zawodyň jogapkär işgärleriniň aýtmagyna görä, Daşogzuň un zawodlarynda öndürilen önümler häzirki wagtda beýleki welaýatlara berlip dur. Bugdaý ammarlaryndaky unuň mukdary azaldy, maý-iýun aýlarynda un-kepek doly gutarar” diýip, demirgazyk welaýatyndaky çeşmämiz gürrüň berdi.

“Geçen ýyl, Mary we Lebap welaýatynda öndürilen unlar Owganystana goýberildi” diýip, Daşoguzda öndürilen unlaryň beýleki welaýatlara ugradylmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada çeşmämiz gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal, kepek nobatlaryndan alnan we Daşoguz welaýatynda düşürildi diýilýän bir wideo fewral aýynyň aýagynda Azatlyk Radiosynda peýda bolupdy. Bu wideoda kepek ugrundaky dörän nobatlardaky basa-baslyk görkezilýär.

Şeýle-de, dekabr aýynyň aýagynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje we Nyýazow etraplarynda kepegiň dawaly nobatlary barada maglumatlar peýda bolup, agzalýan etraplarda hatda kepegiň “gara bazarynyň” dörändigi barada-da maglumatlar gelip gowuşdy.

XS
SM
MD
LG