Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjik-gyrgyz serhedi: Ýaşaýjylaryň çaknyşygyndan soň, serhetýaka etraplaryň resmileri duşuşýar


4-nji aprelde Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batken etrabynyň we onuň bilen goňşuçylykdaky Täjigistanyň Isfara etrabynyň häkimleri duşuşýarlar.

4-nji aprelde Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batken etrabynyň we onuň bilen goňşuçylykdaky Täjigistanyň Isfara etrabynyň häkimleri duşuşýarlar. Bu duşuşyk iki merkezi aziýa ýurdunyň serhedindäki dawaly uçastogyň golaýynda ýerleşýän territoriýada gyrgyz we täjik raýatlarynyň arasynda bolan çaknyşygyň yz ýany geçirilýär.

Batken regional administrasiýasynyň resmileriniň 4-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 3-nji aprelde gyrgyz zenany serhediň dawaly bölegindäki howlusynda haýat dikmäge synanyşan mahaly dörän çaknyşykdan soň, iki adam keselhana ýerleşdirildi.

Täjik Serhet gullugynyň başlygy Muhammad Ulughojaýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Uç-Dobo obasyndaky zenan golaýdaky Hoja-Alo täjik obasynyň ýaşaýjylary tarapyndan bildirilen protestleri äsgermänsoň, iki tarapyň ýaşaýjylary biri-birine daş zyňyp başlapdyr.

Şeýle-de, Ulughojaýew 50 çemesi adamdan ybarat köpçüligi köşeşdirmäge synanyşan täjik serhetçisiniň agyr ýaralanandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG