Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana bikini-kupalnikleri getirmek gadagan edildi


Gadagançylygyň “türkmenleriň ahlak nukdaýnazaryndan, ýagny türkmen gyzlarynyň kupalnik geýmeli däldigi” sebäpli girizilendigini aýdylýar. Illýustrasiýa suraty.
Gadagançylygyň “türkmenleriň ahlak nukdaýnazaryndan, ýagny türkmen gyzlarynyň kupalnik geýmeli däldigi” sebäpli girizilendigini aýdylýar. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň suwa düşülýän geýimlerini, has takygy bikini-kupalnikleri we şortylary ýurduň çäklerine getirmek gadagan edildi.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki söwdagärler bilen söhbetdeş bolan çeşmeleriniň aýtmagyna görä, häzir ýurduň söwda nokatlarynda bu gadagançylykdan öň getirilen suwa düşülýän geýimler satuwa çykarylýar.

“Kupalnikleri we şortylary gümrükden geçirtmeýärler. Suwa düşülýän möwsümiň golaýlamagy bilen, bu harytlara uly isleg bildirilýärdi. Bu gadagançylygyň sebäplerini düşündirmeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň dükanlarynyň biriniň eýesi bilen söhbetdeş bolan çeşmesi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarky gadagançylyk dogrusynda Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň wekillerinden kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Emma atlandyrylmasyzlygyny soran gümrük işgärleriniň biri gadagançylygyň “türkmenleriň ahlak nukdaýnazaryndan, ýagny türkmen gyzlarynyň kupalnik geýmeli däldigi” sebäpli girizilendigini aýtsa-da, munuň edil häzirki gün ornaşdyrylmagynyň sebäplerini takyklaşdyryp bilmedi.

Bu aralykda, Türkmenistanda döwlet edaralarynda işleýän aýal-gyzlara dyrnaklaryny we kirpiklerini ösdürmegine, saçlaryny has açyk reňke boýamagyna girizilen gadagançylykdan soň, gümrükden açyk reňkli saç boýaglarynyň, şeýle-de kirpikleri we dyrnaklary ösdürmek üçin niýetlenen serişdeleriň-de geçirilmeýändigi barada maglumatlar peýda boldy.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri mundanam başga, türkmen häkimiýetleriniň aprelde dükan tekjelerinden ozaldan bar bolan açyk reňkli saç boýaglary, dyrnak gelleri ýaly harytlary hem aýyrmak meýilleriniň bardygyna ünsi çekýär.

Galyberse-de, bu soňky gadagançylyklar bilen birlikde, türkmen häkimiýetleri soňky ýyllaryň dowamynda gyzlaryň egin-eşigi babatynda, ençeme tapgyr näresmi talaplary girizipdiler.

Mysal üçin, 2013-nji ýyldan başlap, dürli köpçülikleýin çärelerine gatnaşýan gyz talyplaryndan gyrmyzy reňkli köýnek bilen birlikde, ýaglyk dakmak tabşyrylýar. Şeýle-de, ýokary okuw jaýlarynda durmuşa çykan, hatda aýrylyşan gyz talyplardan başlaryny ýa gyňaç ýa-da öýme bilen örtmek tabşyrylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda (çepde) we 2017-nji ýylda.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda (çepde) we 2017-nji ýylda.

Şol bir wagtda, aýal-gyzlaryň saç boýaglaryna girizilen gadagançylyklaryň çäginde, ýurduň baştutanynyň öz saçlaryny dowamly boýaýandygyny görse bolýar. Eger-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyndaky ilkinji ýyllaryndaky suratlarynda, onuň saçyna çal düşendigini synlap bolsa, soňky ýyllarda onuň saçynyň çuw-gara boýalandygy göze ilýär.

Ýeri gelende bellesek, ýurtda öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründen bäri: altyn dişleriň oturdylmagyna, erkekleriň uzyn saç, sakgal goýbermegine girizilen gadagançylyklar dowam edip gelýär.

S.Nyýazow sakgallary gadagan edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:09 0:00

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda paýtagtdan sähel sölpi, tijegsiz geýnen raýatlara oýunlaryň töwereginde görünmezlik tabşyrylypdy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, döwlet resmileri we mediasy ne raýatlaryň daşky lybaslary bilen baglylykda girizilen gadagançylyklar, ne-de olaryň sebäpleri barada maglumat berýärler.

XS
SM
MD
LG