Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky mal-emlägini satuwa çykarýan migrantlar artýar


Illýustrasiýa suraty

Daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň arasynda, ýurda dolanmakdan ýüz öwrüp, mal-emlägini satuwa çykarýanlaryň köpelýändigi aýdylýar.

Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň sosial mediada öz mal-emlägini satuwa çykarandygy barasynda häli-şindi ýaýradýan bildirişleri hem görse bolýar.

Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi bilen gürrüňdeş bolan maryly zähmet migrantynyň aýtmagyna görä, ol indi ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň we durmuş şertleriniň düzeljeginden umydyny üzendigi üçin, Mary şäherindäki iki otagly jaýyny satuwa çykarypdyr.

"Stambulda işläp ýörenimize on ýyldan köp wagt boldy. Men ähli maşgala agzalarymy we dogan-garyndaşlarymy Türkiýä getirdim. Türkmenistanda işsizlik sebäpli eklenç ýagdaýy kynlaşany üçin, bu ýere gaýtdyk. Türkmenistanda ykdysady ýagdaýlardan daşaryn, durmuşyň ähli ugrunda höküm sürýän korrupsiýa, parahorluk we raýatlyk haklarynyň basgylanmagy sebäpli, çagalarymyza gowy geljegiň garaşmaýandygyny bilýäris. Indi ymykly Stambulda ýerleşip, Türkmenistandaky mal-emlägimizi hem satmak isleýäris. Türkmenistandaky dowam edýän şeýle oňaýsyz ýagdaýlar sebäpli, Türkiýede işleýän zähmet migrantlarynyň köpüsi öz maşgalasyny we dogan-garyndaşy bilen hatda tanyş-bilişlerini hem bu ýere getirdi. Türkiýede işläp ýörenleriň aglaba köpçüligi ýurda dolanmak islemeýär. Sebäbi indi ol ýerde durmuşyň hem ýaşaýyş şertleriniň düzeljegine ynam az" diýip, jaýyny satmak üçin bildiriş ýaýradan türkmen zähmet migranty Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

"Biz hem Türkmenistandaky mal-emlägini satan migrantlardan mysal alyp, Mary şäherindäki iki otagly jaýymyzy takmynan 25 müň dollar bahadan satuwa çykardyk we bildirişi hem sosial mediýadaky sahypalarda ýaýratdyk. Türkmenistanda we Türkiýede jaýyň bahasyny we ýagdaýyny sorap ýazýanlar ýa-da jaň edýän türkmenler bolýar. Sebäbini soraýanlara 10-15 ýyl töweregi Stambulda ýaşap, bu ýere öwrenşenim, maşgalamy hem ýanyma getirendigim we çagalarymy okatýandygym üçin indi yzyma dolanmajagymy düşündirýärin" diýip, jaýyny satuwa çykaran türkmen zähmet migranty aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary hem ýokarda agzalýan ýagdaýyň dogrudygyny tassyklamak bir hatarda, öz mal-emlägini satýanlara yzgiderli ýagdaýda şaýat bolunýandygyny bildirýärler.

Stambuldaky aktiwist Rozubaý hem Türkmenistandaky mal-emlägini satan we satmaga synanyşýan migrantlar barasyndaky tejribelerini Azatlyk Radiosy bilen paýlaşan mahaly özüniň şeýle ýagdaýlara köp duş gelendigini gürrüň berdi.

"Türkmenistandaky ýaşaýyş şertleriniň agyrlaşmagy, işsizlik, gün-güzeran görmegiň gaty kynlygy sebäpli, indi Türkiýede işläp ýören zähmet migrantlarynyň elinde bar bolan jaý, mellek ýeri, awtomobil ýaly mal-mülklerini satýandygyna meniň bilen bir hatarda internetde ýaýraýan bildirişlerden hemmeler şaýatlyk edýär. Muny diňe daşary ýurtlardaky migrantlar däl, Türkmenistanda ýaşamaga höwesi galmadyk adamlar hem edip başlady we bar zadyny satyp, ýurdy terk etsem diýýänler köpeldi. Şol sanda bar zadyny satyp, Stambula ymykly gaýdanlara hem köp duş gelse bolýar. Stambulda şeýle adamlaryň köpüsine şaýat boldum“ diýip, Rozubaý Azatlyk Radiosy bilen öz tejribelerini paýlaşýar.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistandaky mal-mülküni, emlägini satýan migrantlaryň köpelýändigi barasynda, degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak, Azatlyk Radiosyna başartmady.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG