Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň kömür käninde bolan heläkçilikde alty adam öldi


Gürjüstanyň Tkibuli şäherçesindäki kömür käniniň girelgesi

Gürjüstanyň günbataryndaky kömür käninde üçegiň çökmegi netijesinde alty şahtaçy öldi we başga-da üç sanysy ýaralandy diýip, ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Ministrligiň beýanatynda bu heläkçiligiň 5-nji aprelde irden Tbilisiniň 200 kilometr günbatarynda ýerleşýän Tkibuli şäherçesindäki "Mindeli" käninde bolandygy aýdylýar.

Imereti sebitindäki kömür käni Gürjüstanyň “Sahnakşiri” kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar. Bu kompaniýa heläkçilige dag-gaýada öz-özünden bolan partlamadan gelen güýçli tolkunlaryň sebäp bolandygyny aýdýar.

Premýer-ministr Giorgi Hwirikaşwiliniň edarasy kömür käninde howpsuzlyk kadalarynyň bozulandygyny ýa-da bozulmandygyny anyklamak boýunça derňew işleriniň geçirilýändigini mälim etdi.

2011-nji ýyldan bäri “Mindeli” kömür käninde bolan dürli heläkçiliklerde 10 şahtaçy aradan çykdy diýip, Reuters habar agentligi ýazýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG