Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kreml Facebook tarapyndan rus media hasaplarynyň pozulmagyna gynanç bildirdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Kreml Facebook kompaniýasy tarapyndan rus mediasynyň kontrollygyndaky hasaplaryň ýapylmagyny senzura ýol açan duşmançylykly ädim hökmünde häsiýetlendirdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu barada 5-nji aprelde mälim etdi. Bu waka Facebook sosial ulgamy, Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna täsir ýetirmäge gönükdirilen syýasy hereketler diýlip aýyplanýan rus “trol zawody” bilen ilteşikli sahypalaryň onlarçasyny pozandygyny mälim etmeginden iki gün soňa gabat geldi.

Bu hereketiň duşmançylygyň we senzuranyň alamaty bolandygy ýa-da bolmandygy barada berlen soraga Peskow: “Hawa, bu şeýle” diýip, jogap berdi.

“Elbetde, biz muny yzarlaýarys we muňa gynanýarys” diýip, Peskow žurnalistlere telefon konferensiýasy arkaly beren maglumatynda aýtdy.

3-nji aprelde giçlik Facebook kompaniýasy 70 Facebook hasabyny, 138 Facebook sahypasyny we 65 sany Instagram hasabyny pozandygyny mälim etdi. Olaryň 95%-i rus dilindedi.

Habarda pozulan hasaplaryň we sahypalaryň Facebook sosial ulgamynda 1 million, Instagramda 500,000 yzarlaýjysynyň bardygy aýdylýar. Bu yzarlaýjylaryň aglabasy Russiýada, Ukrainada we Azerbaýjan, Özbegistan ýaly ýurtlarda ýerleşýär.

Şeýle-de, maglumatda pozulan makalalaryň we sahypalaryň aglabasynyň düýbi Orsýetde ýerleşýän we “FAN” diýlip tanalýan Federal habar gullugy tarapyndan çap edilendigi mälim edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG