Orsýetiň media gözegçilik edýän edarasy ýurduň sudundan Telegram messenjer tilsimini petiklemegi sorady. Bu waka Telegram kompaniýasynyň Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyna (FSB) tilsimi ulanyjylaryň hat alyş-çalşygy baradaky maglumatlary bermegi ret etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
“Roskomnadzor” özüniň websaýtynda çap eden beýanatynda “Russiýanyň territoriýasynda Telegramdan peýdalanmak mümkinçiligini çäklendirmek” barada edaranyň 6-njy aprelde Moskwanyň Taganka etrap suduna arza berendigini mälim etdi.
Bu hereket, 18-nji martdaky saýlawlarda Wladimir Putiniň ýene alty ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanmagynyň yz ýany, Orsýetiň internet azatlygyny çäklendirmäge synanyşýandygy baradaky aladalary artdyryp biler.
20-nji martda “Roskomnadzor” Telegram kompaniýasyna ulanyjylaryň hat alyş-çalşygyny okamak üçin zerur bolan şifrleme açarlaryny 15 günüň dowamynda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyna (FSB) bermegi tabşyrypdy. Mundan öň Orsýetiň Ýokary sudy Telegramyň bu talap dogrusynda eden şikaýatyny ret edipdi.
Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?