Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan Abbasindan öň, Pakistany howa zarbalaryny amala aşyrmakda aýyplaýar


Owgan prezidenti Aşraf Gani we Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi
Owgan prezidenti Aşraf Gani we Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi

Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasiniň Owganystana planlaşdyran saparyndan bir gün öň, Kabul Yslamabady serhetdäki Kunar welaýatynda “uly maliýe ýitgisine” sebäp bolan howa zarbalaryny amala aşyrmakda aýyplady.

6-njy aprelde Kabula baran Abbasiniň owgan prezidenti Aşraf Gani bilen parahatçylyk we söweşijilere garşy göreş ugrundaky bilelikdäki tagallalar barada gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

5-nji aprelde Owganystanyň Daşary işler ministrligi Pakistanyň uçarlarynyň Kunar welaýatynyň Dangam etrabyna dört bombany oklandygyny mälim etdi, ýöne onuň ýetiren zyýany barada hiç zat aýtmady.

“Owganystan halkara düzgünleriniň yzygiderli bozulmagynyň... iki ýurduň gatnaşyklary babatynda netijeleriniň bolup biljekdigini duýdurýar” diýlip, ministrligiň beýanatynda bellenilýär.

6-njy aprelde Pakistan Owganystanyň howa giňişligini bozandygy baradaky aýyplamalary “esassyz” diýip ret etdi.

XS
SM
MD
LG